2024-nji ýylyň 23-nji marty. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berildi. Wise-premýer «Karz edaralary we bank işi hakynda», «Auditorçylyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna we Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasy hakynda» Kararyna laýyklykda ýurdumyzyň bank edaralarynyň maliýe hasabatlaryna halkara standartlary esasynda nobatdaky audit barlaglaryny geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bank edaralarynda her ýyllyk maliýe hasabatlaryna audit barlaglaryny halkara standartlaryna görä geçirmek boýunça zerur çäreleri görmegi wise-premýere tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň 2024-nji ýylda sergileri, ýarmarkalary, maslahatlary we festiwallary geçirmegi hakyndaky» Kararyna laýyklykda, bu forumy 2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, bu forumy guramaçylykly geçirmek üçin zerur işler alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň energetika, gurluşyk we senagat, ulag-aragatnaşyk pudaklaryndaky maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmaga aýratyn üns berler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumynda ýurdumyzyň maýa goýum taslamalarynyň giňden açylyp görkezilmelidigine ünsi çekdi hem-de forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini wise-premýere tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk toplumynda we ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam edýän oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri alnyp barylýar. Galla oragy möwsümine taýýarlyk görmek boýunça hem zerur çäreler durmuşa geçirilýär.
Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda gowaça ekişine girişilip, Daşoguz welaýatynda bolsa, ekişe başlamak üçin degişli taýýarlyk işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak hem-de bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek maksady bilen, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinleriň ekişi guramaçylykly alnyp barylýar.
Şeýle hem ýurdumyzda maldarçylyk pudagyny ösdürmek, mallaryň baş sanyny artdyrmak hem-de olaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berildi. Häzirki wagtda welaýatlarda dowarlardan owlak-guzy we düýelerden köşek almak möwsümi dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek hem-de oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek işlerini netijeli dowam etmegiň zerurdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belläp, galla oragy möwsümine göwnejaý taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz gowaça ekişiniň talabalaýyk geçirilmelidigine ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere bu ugurda döwrebap tehnikalaryň netijeli işledilip, pagtaçy babadaýhanlarymyzyň ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün edilmelidigini tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýokary hilli we içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümleriň önümçiligini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklarda giňden ulanylýan dürli görnüşli gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi ýola goýuldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda ýurdumyzyň senagat pudagyny ösdürmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek, importuň ornuny tutýan we eksport ugurly harytlaryň önümçiligini ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Köýtendag kän müdirligi hem-de «Ak bulut» hojalyk jemgyýetiniň paýly gatnaşmaklarynda «Türkmen gips» hojalyk jemgyýetini döretmek teklip edilýär.
Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Dostluk şäheriniň çäginde dörediljek bu täze bilelikdäki kärhanada ýylda 250 müň tonna gury gurluşyk garyndylaryny we 20 million inedördül metr gipsokarton önümlerini öndürmek göz öňünde tutulýar, bu bolsa täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki zaman gurluşyk serişdelerini öndürmäge niýetlenen bilelikdäki kärhananyň döredilmegi ýurdumyzyň senagat pudagyny mundan beýläk-de netijeli ösdürmäge ýardam berjekdigini belledi hem-de wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Söwda we daşary-ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan söwda ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda söwda we hyzmatlar ulgamyny ösdürmek, ugurdaş düzümleriň işini döwrebaplaşdyrmak, ilatyň ýokary hilli önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak, pudagyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak we döwrüň talaplaryna laýyklykda hukuk taýdan düzgünleşdirmek boýunça toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyklykda guramak boýunça alnyp barylýan işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek boýunça dabaralara görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Dabarany Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirmek meýilleşdirilýär.
26-njy martda geçiriljek dabaranyň çäklerinde türki halklaryň aýdymçylarynyň konsertini, suratkeşleriniň, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň hem-de fotosuratçylarynyň eserleriniň sergisini guramak göz öňünde tutulýar.
Bu çärelere gatnaşmak üçin Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Türki döwletleriň Parlament Assambleýasynyň, Türk medeniýetiniň we mirasynyň gaznasynyň, Halkara Türk akademiýasynyň, şeýle hem TÜRKSOÝ-a agza we synçy ýurtlaryň, ugurdaş ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň hem-de döredijilik we ylym wekiliýetleriň ýurdumyza gelmegine garaşylýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary bilen tassyklanan Meýilnama laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dowamynda dürli çäreler, şol sanda döredijilik duşuşyklary, TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň II teatr festiwaly, «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda halkara çäreleriniň giň gerim bilen geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere badalga bermek dabarasynyň ýokary derejede geçirilmegini hem-de çärelere gatnaşmaga gelýän myhmanlarymyz üçin ähli zerur şertleriň döredilmegini üpjün etmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow 2024-2025-nji okuw ýylynyň birinji synp okuwçylaryna noutbuk görnüşli kompýuterleri sowgat bermek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda birinji synpa kabul edilmegine garaşylýan 155 müň 641 okuwçyny kompýuterler bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär.
Häzirki wagtda sowgat beriljek «Bilimli» nyşanly kompýuterleriň nusgalary taýýarlanylyp, degişli ministrlikler tarapyndan bu kompýuterleriň tehniki häsiýetnamalary seljerildi, şeýle hem olaryň hil standartlary baradaky kepilnamalar alyndy.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda bilim syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin amatly şertleriň döredilýändigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky özgertmeleri üstünlikli dowam etmek, şeýle hem ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdeplerine 2024–2025-nji okuw ýylynda birinji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek maksady bilen, «Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň noutbuk kompýuterlerini satyn almagy hakynda» Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resminamanyň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň netijeli daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirmegi dowam edýändigini nygtady. Halkara guramalary, ilkinji nobatda, BMG bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bu syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň sebit we ählumumy derejede parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, abadançylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýurdumyzyň teklibi boýunça birnäçe Kararnamalary kabul etmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy BMG-niň ştab-kwartirasyndan hoş habaryň gelip gowuşandygyny aýtdy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu resminama ýüze çykýan gapma-garşylykly ýagdaýlary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar we usullar arkaly kadalaşdyrmaga, döwletleriň arasynda ynanyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir. Şeýle hem bu resminama dünýä jemgyýetçiliginde parahatçylyk dialogynyň medeniýetini öňe sürmekde alnyp barylýan işleriň mundan beýläk-de dowam etmegiň möhümdigini görkezýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri hormatly Prezidentimizi bu täze syýasy üstünlik bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy BMG-niň Baş Assambleýasynyň bu Kararnamany kabul etmegi bilen baglylykda, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda çäreleri geçirmek boýunça hökümet derejesindäki degişli guramaçylyk toparyny döretmek we onuň mejlislerinde anyk meselelere seretmek, şeýle hem bu işleri halkara derejesinde geçirmek maksady bilen, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň we BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň gatnaşmagynda duşuşyklary geçirmek baradaky teklipleri beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoş habary kanagatlanma bilen kabul edip, Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we ähli watandaşlarymyza ýüzlendi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigine ünsi çekdi.
BMG-a agza ýurtlaryň Türkmenistanyň bu başlangyjyny goldamagy, 86 ýurduň awtordaş bolmagy biziň üçin örän uly abraýdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow biragyzdan goldan ähli ýurtlara türkmen halkynyň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Bu resminamanyň kabul edilmegi Watanymyzyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmek, özara bähbitli dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ugurda alnyp barylýan yzygiderli işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtap, mejlise gatnaşyjylary we ähli ildeşlerimizi bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlady.
Döwlet Baştutanymyz Kararnamany amala aşyrmak boýunça beýan edilen teklipleri makullap, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň wekiliýetiniň 17-21-nji mart aralygynda Belgiýa Patyşalygyna we Italiýa Respublikasyna amala aşyran iş saparlarynyň netijeleri barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa Bileleşigi we onuň düzümindäki ýurtlar bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigi bellenildi. Şu maksatlar bilen, Brýussel şäherinde Ýewropa Geňeşiniň Başlygynyň Daşary syýasat boýunça baş geňeşçisi, Ýewropa Komissiýasynyň Wise-prezidentleri, Halkara hyzmatdaşlygy boýunça Ýewropa Komissary, Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat we howpsuzlyk boýunça ýokary wekili, Ýewropa Bileleşiginiň Adam hukuklary boýunça we Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekilleri, Ýewropa Parlamentiniň Merkezi Aziýa ýurtlary we Mongoliýa boýunça toparynyň başlygy bilen duşuşyklar geçirildi.
Duşuşyklarda däp bolan syýasy dialogy, söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy, netijeli ynsanperwer we parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşyldy.
Belgiýanyň Daşary işler, Ýewropa işleri, Daşary söwda we Federal medeniýet edaralary boýunça ministri bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek, halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň we Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem dowam etmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Şeýle hem Brýusselde Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi «tegelek stol» maslahaty guraldy. Bu çärä Ýewropa Bileleşiginiň, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň, Ýewropanyň Ösüş we Täzeleniş bankynyň, Ýewropanyň ylmy-barlag merkezleriniň we iri kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Ugurlaryň giň gerimi boýunça, şol sanda ulag, energetika we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, senagat, şäher gurluşygy, maýa goýum, söwda, sanly ulgam, saglygy goraýyş ulgamlarynda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. «Tegelek stol» maslahaty tamamlanandan soňra, ýewropaly hyzmatdaşlar bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.
Mundan başga-da, Brýussel şäherine iş saparynyň çäklerinde Lýuksemburgyň Wise-premýeri, Daşary işler we daşary söwda boýunça ministri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda syýasy-diplomatik dialogy işjeňleşdirmegiň, şeýle hem söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň meselelerine garaldy. Hususan-da ulag we kommunikasiýa ugurlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary bilen bolan duşuşygyň gün tertibine Türkmenistanyň ugurdaş edarasynyň wekilleriniň bu Guramanyň işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, tejribe alyşmak, iş tejribesine halkara standartlaryny ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaryna gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Brýussel şäherine iş saparynyň dowamynda birnäçe resminamalara, şol sanda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlygy döredýän gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygynyň goşmaça Teswirnamasyna we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Belgiýa Patyşalygynyň Daşary işler, daşary söwda we ösüş hyzmatdaşlygy boýunça Federal döwlet gullugynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Soňra wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Italiýa Respublikasyna iş saparynyň netijeleri barada hasabat berip, Rim şäherinde Halkara Oba hojalyk ösüş gaznasynyň (IFAD) prezidenti hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň (FAO) Baş direktorynyň orunbasary bilen geçirilen duşuşyklar barada habar berdi. Duşuşyklarda Türkmenistan bilen Halkara Oba hojalyk ösüş gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasy bilen amala aşyrylýan we amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän bilelikdäki taslamalar, şeýle hem howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we oba hojalygynda hyzmatdaşlygy berkitmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Italiýanyň Premýer-ministriniň orunbasary, Infrastruktura we transport boýunça ministri bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda ulag-logistika pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy. Italýan tarapy bu ugurda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ulag we infrastruktura taslamalaryna giňden gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirdi.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça «Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Tirreniýa deňiz portunyň merkezi dolandyryş edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama» gol çekildi. Italiýanyň döwlet demir ýol kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygyň çäklerinde ulag ulgamyndaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Italiýanyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň netijeleri boýunça iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 2024-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekildi.
Rim şäheriniň ýolbaşçylary bilen duşuşygyň dowamynda köpugurly türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny, şol sanda medeni-ynsanperwer ulgamyndaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigi bellenildi. Şunda arheologiýa ugry hem-de iki ýurduň medeni mirasyny wagyz etmek boýunça uzakmöhletleýin esasda üstünlikli hyzmatdaşlyk edilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Rim şäherinde Türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini ebedileşdirmek, şeýle hem 2025-nji ýylda «Kapitoliý» muzeý toplumynda Türkmenistanyň arheologik sergisini geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu sergini guramakda hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň we Rim şäheriniň häkimliginiň arasynda degişli resminama gol çekildi.
«Leonardo S.p.A» kompaniýasynyň ýolbaşçysy hem-de Italiýanyň gurluşykçylarynyň milli assosiasiýasynyň (ANCE) Wise-prezidenti bilen duşuşyklaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlygyň, şol sanda gurluşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine we ileri tutulýan ugurlaryna seredildi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Belgiýa Patyşalygyna we Italiýa Respublikasyna iş saparlarynyň netijeleri boýunça wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy birnäçe teklipleri beýan etdi.
Hususan-da, Ýewropa Bileleşigi bilen dialogy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglylykda, şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabat şäherinde «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky daşary işler ministrleriniň duşuşygyny geçirmek, şeýle hem parlamentara hyzmatdaşlygyny berkitmek maksady bilen şu ýylyň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Brýussel şäherine saparyny guramak teklip edilýär.
Mundan başga-da, şu ýylyň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetleriniň ýurdumyza saparlaryny yzygiderli we ulgamlaýyn esasda guramak; Energetika pudagynda gatnaşyklary ösdürmek üçin Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda energetika ugry boýunça Çarçuwaly Ylalaşygyň taslamasyny taýýarlamak teklip edildi.
Ýewropa Bileleşigi bilen ýurdumyzyň arasyndaky ulag hyzmatdaşlygyny binýatlaýyn esasda ösdürmek maksady bilen, Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa formatyndaky Utgaşdyryjy platformany döretmek meselesini işlemek teklip edilýär.
Ynsanperwer gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak bilen baglylykda, Ýewropa Bileleşiginiň ugurdaş düzümleri bilen bilelikde täze bilim maksatnamalaryny işläp düzmek boýunça işlere başlamak, hususan-da, hünär öwrenmek babatda maksatnamany düzmek; şu ýylyň iýun aýynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky Adam hukuklary boýunça Dialogy Aşgabatda geçirmek bilen baglanyşykly teklipler beýan edildi.
Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň Halkara Oba hojalyk ösüş gaznasyna (IFAD) agza bolmagy bilen bagly degişli işleri geçirmäge başlamak, BMG-niň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasy (FAO) bilen bilelikde şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda azyk howpsuzlygy boýunça halkara forumyny geçirmek teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap döwletimiziň dünýä döwletleri bilen deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek ugrunda yzygiderli çykyş edýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, Belgiýa Patyşalygy we Italiýa Respublikasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Ýewropa Bileleşigi we iri halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak boýunça geçirilen gepleşikleriň özara hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmäge ýardam bermelidigini belläp, beýan edilen teklipleri makullady we wise-premýere, daşary işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň merkezi edara binasynyň gurluşygynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Taslama laýyklykda, bäş gatdan ybarat bolan täze desgada iş, tehniki we serwer otaglary, ýörite enjamlary, müşderiler bilen işlemek üçin operatorlaryň iş otaglaryny we uly zaly, mejlisler zalyny ýerleşdirmek, olary döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek, häzirki zaman aragatnaşyk ulgamyny gurnamak, işgärler üçin ähli amatly şertleri döretmek göz öňünde tutulýar. 2,24 gektar meýdançadaky desganyň çäginde tehniki we kömekçi binalary, sport meýdançasyny, rezerwuary, tehniki desgalary hem-de awtoduralgalary ýerleşdirmek meýilleşdirilýär.
Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi poçta hyzmatlaryna sanly ulgamlary we öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ulag we kommunikasiýa pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň merkezi edara binasynyň gurulmagynyň pudakda netijeli we ýokary hilli hyzmatlary has-da döwrebap ýola goýmaga mümkinçilik berjekdigini belläp, Agentligiň direktoryna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz A.Kösäýewi, başga işe geçmegi sebäpli, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda şu Agentligiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň kararyny tassyklady.
Döwlet Baştutanymyz B.Annaýewi, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy wezipesine saýlamak hakynda şu Agentligiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň kararyny tassyklap, ony Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
B.Annaýew özüne örän jogapkärli wezipäniň ynanylandygy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen binýady berkden tutulan we hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan ulag syýasatyny durmuşa geçirmekde yhlasyny, gujur-gaýratyny we ukyp-başarnygyny gaýgyrman, tutanýerli zähmet çekjekdigine ynandyrdy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip,
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz ýurdumyzda birnäçe dabaraly çäreleriň üstünlikli geçirilýändigine ünsi çekdi. Ýurdumyzda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni hem dabaraly bellenilip geçildi.
Döwlet Baştutanymyz türkmen ilinde toýlaryň-toýa ulaşýandygyny belläp, geljek hepdede Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga beriljekdigini aýtdy.
Türki dünýäsiniň medeniýetinde aýratyn orna eýe bolan gadymy Änew topragynda geçiriljek dabaralar berkarar Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da artdyrar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow taryhda rysgal-bereketli türkmen topragynyň uly ösüşleri başdan geçirendigini belläp, Watanymyzda dünýä belli W.Masson, R.Pampelli, W.Sarianidi ýaly alymlardyr arheologlaryň halkymyzyň şöhratly geçmişi bilen bagly birnäçe açyşlaryna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, hormatly Arkadagymyza olar bilen, şeýle-de olaryň nesilleri bilen işleşmek, ýurdumyzyň dürli künjeklerine arheologlaryň saparlaryny guramak, umuman, gazuw agtaryş işleri bilen bagly guramaçylyk işlerini alyp barmak miýesser etdi. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çeşmelerden getiren maglumatlary täze kitabyň döremegine ýakyndan goldaw berdi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar BerdimuhamedowÄnew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi. Bu kitap «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyza sowgat bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi giň okyjylar köpçüligi üçin uly gollanma boljak «Änew –müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmakda başyny başlan başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov.tm