ÄNEW ŞÄHERI - TÜRKI DÜNÝÄSINIŇ MEDENI PAÝTAGTY

     Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, biziň baý taryhymyz, gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklarymyz, nepis halylarymyz, wepadar we ýyndam bedewlerimiz, edermen alabaýlarymyz Ýer ýüzünde millet hökmünde tanalmagymyzy şertlendirýän milli buýsanjymyzdyr, mertebämizdir.

     Şunuň bilen baglylykda, şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere badalga bermek dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäklerinde Türki halklaryň aýdymçylarynyň konserti, türki halklaryň suratkeşleriniň şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň hem-de fotosuratçylarynyň eserleriniň sergisi gurnaldy.

     2024-nji ýylda dünýä medeniýetiniň ilkinji ojaklarynyň biri bolan gadymy Änewiň «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny dünýä ýaýmakda, ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini açyp görkezmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň özi, TÜRKSOÝ bilen Türkmenistanyň arasyndaky oňyn hyzmatdaşlygyň barha berkeýändiginiň aýdyň mysaly bolup durýar.

     Hormatly Prezidentimiziň medeni taglymatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde türkmen medeniýeti gülläp ösýär, halklaryň arasynda dost-doganlyk ýollary gurulýar. Bu bolsa ýurduň milli diplomatiýasynyň halklary jebisleşdirýändigini, özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýändigini aýdyň görkezýär.

Serdar GURBANMUHAMMEDOW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Sanly ulgam we

maglumat howpsuzlygy bölüminiň baş hünärmeni.