Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çäksiz aladalary netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň her bir güni toý-baýramlara, şanly senelere beslenýär. Ine, eziz türkmen topragymyza özüniň gadymylygy, müdümiligi bilen Milli bahar baýramy gadam basdy. Halkara Nowruz güni Türkmenistanyň ähli künjeklerinde giňden bellenilip geçilýän milli baýramlaryň biridir.
Türkmen halkynyň Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen baglanyşykly däpleri, edebi eserleri, halk oýunlary, toý tagamlary öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Hat-da bu barada gadymy türkmen edebiýatynyň ýazgylarynda hem duş gelmek bolýar. «Gilgameş» şumer dessanynda Nowruz «Täze ýyl», «Täze gün», «Baharyň ilkinji güni», «Bahar baýramy» mazmunda beýan edilipdir. Baýramçylygyň «Nowruz» ady diňe orta asyrlarda ýaşan alymlaryň we şahyrlaryň işlerinde duşýar. VII asyrda Gündogarda Nowruz baýramynyň däpleri yslam dininiň dessurlary bilen utgaşdyrylanlygy barada bellenilse, taryhy ýazgylarda bolsa, Nowruz baýramynyň Horezm patyşalarynyň köşgünde bellenilişi barada Abu Reýhan Birunynyň «Geçen nesilleriň ýadygärlikleri» atly işinde giňişleýin beýan edilýär. Günorta Türkmenistanyň köp etraplarynda Nowruz günlerini «Ýylyň sylagy» diýip atlandyryp, dabaraly belläpdirler. Obanyň gurply adamlary etli ýarma bişiripdir, toý saçagynyň başyna ähli obadaşlaryny çagyrypdyrlar. Bu tagam halk arasynda «Nowruz ýarmasy» ady bilen meşhur bolupdyr. Adamlar biri-birlerini ýazyň çykmagy bilen gutlapdyrlar, ýylyň gowy — rysgal-bereketli bolmagyny arzuw edipdirler.
Ine, bularyň ählisi bolsa Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününiň gadymylygyny ýene bir gezek tassyklaýar. Magtymguly Pyragynyň «Duman peýda» diýlip atlandyrylan şygrynda şeýle setirler bar:
Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda,
Ebrler owaz urup, dag kylar duman peýda,
Bijanlar jana gelip, açarlar dahan peýda,
Gögermedik giýalar, gögerip rowan peýda,
Ederler haýwanatga hem sud-u zyýan peýda,
Ýer ýüzüne ýaýylyp, ýörirler nahan peýda,
Wabeste dahan guşlar kylarlar zyban peýda.
Nowruz baýramy halkara derejesinde ykrar edilmek bilen bir hatarda, özüniň milli tagamlary hem aýratyn güýjüniň bardygyna halkymyz tarapyndan ynanylypdyr. Olara, Nowruz semenisi, palaw, süýtli aş, dänik, bulamak, noýbaly unaş, mäşewe, Nowruz ýarmasy, Nowruz köjesi ýaly tagamlar degişlidir.
Häzirki günlerde hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary bilen türkmen ilimiz Nowruz baýramyny uly ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna besleýär. Milli bahar baýramy mynasybetli taýýarlanan türkmen milli tagamlar bolsa mukaddes desterhanymyzy bezeýär.
Döwletgeldi SULTANOW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap geňeşiniň başlygy.