EKOLOGIÝA SYÝASATYNYŇ DABARALANMASY

    Hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary netijesinde ýurdumyzda Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Her ýyl Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýazky we güýzki köpçülikleýin bag ekişlik çäreleri guralýar. Şeýle asylly çärä ýaşlaryň hem goşant goşýandyklaryny bellemek guwançlydyr. Çünki ata-babalarymyz bag ekmegi mukaddes iş hasaplapdyrlar. Olaryň ýetişdiren baglaryndan görlüp-eşidilmedik datly miweler dünýäni haýrana galdyrypdyr. Türkmen topragynda ýetişdirilen miweleriň Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen alys ýurtlara-da äkidilendigi barada taryhy maglumatlar örän köp.

    2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy bilen, bu ugurdaky edilen işler has-da işjeň häsiýete eýe bolýar. Milli Liderimiziň mähriban tebigatymyza aýawly çemeleşmek boýunça başyny başlan döwletli tutumlary Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Şonuň esasynda ýurdumyz gür baglyga, seýilgählere, tokaý zolaklaryna bürenýär. Köpçülik bolup agaç nahallaryny oturtmak peýdaly iş bolmak bilen bir hatarda jemgyýetiň ekologiýa medeniýetiniň ýokarlanmagyny, daşky gurşawyň goraglylygyny we ynsan ömrüniň uzalmagyny şertlendirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda, Türkmenistan döwletimiz gün-günden gözelleşýär. Aziýanyň merjen şäheri bolan paýtagtymyz Aşgabadyň, ýaşlaryň şäheri bolan Arkadag şäheriniň, ähli welaýatlarymyzyň arassaçylygyny gorap saklamak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda hem uly işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda bütin dünýäde daşky gurşawy goramak we ony arassa saklamak maksatly dürli meýilnamalar durmuşa geçrilýär. Şol sanda biziň güneşli döwletimizde-de bag ekmek hem-de köpçülikleýin ýowar işleri yzygiderli geçirilýär. Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylýan ekologik maksatly çäreler bütin dünýäde uly mesele bolup durýan howanyň hapalanmagynyň öňüni alyş meýilnamalaryna laýyk gelýär. Howada hapa gazlaryň artmagy ynsan saglygyna uly zyýan ýetirýär. Tokaý zolaklarynyň, ösümlikleriň köp bolmagy howanyň arassa bolmagyny üpjün edýär.

    Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň döwletimizi ösdürmek, abadanlaşdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, gurlup ulanylmaga berilýän kärhanalaryň ekologik taýdan howpsuzlygyny ýola goýmak ugrunda alyp barýan il bähbitli, döwlet ähmiýetli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris!

 

Arzuw RAHMANOWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar