Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde döwrebap sport desgalarynyň gurulyp ulanylmaga berilmegi we syýahatçylyk-medeni dynç alyş zolaklarynyň barha artmagy raýatlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, olary köpçülikleýin sport çärelerine çekmäge zerur şertleri döretdi.
Sport saglygyň gözbaşy hasaplanylýar. Saglyk – bahasyna ýetip bolmajak baýlyk. Saglyk – ýaşaýyş. Ýaşaýyşy bolsa, hereketsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Şonuň üçin adam hemişe hereketde bolmaly.
Adam bedenine peýdaly hereketleriň biri hem welosiped sürmekdir. Welosiped sürmek adamyň aýaklarynyň myşsalaryny berkitmäge ýardam berýär we olaryň çydamlylygyny artdyrýar. Welosipedli gezelenç etmek isleseňiz enjamyňyz gurat, abat, öz boýuňyza görä saýlanmaly we geýen eşikleriňiz rahat bolmalydyr.
Şeýle-de adamlar pyýada ýöremegi gündelik endigine öwürmeli. Pyýada ýörelende geýen aýakgaplaryňyz özüňize laýyk, rahat, ökjesi pes bolmaly. Ýöreýşiň depginini özüňizi duýşuňyza laýyklykda sazlamaly.
Her bir adam sportuň dürli görüşleri bilen yzygiderli meşgullanmaly. Häzirki wagtda ýurdumyzda sagdyn we bagtyýar ýaşamak üçin ähli mümkinçilikler döredilen, Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaç alsyn!
Seýitnur GURBANSEÝIDOW,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň Umumy bölüminiň esasy hünärmeni.