HALYPA SURATKEŞIŇ SERGISI AÇYLDY

     2024-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda «Halymda Arkadag atly nagyş bar, – Arkadagly Serdarymyza alkyş bar» atly döredijilik haly sergisi açyldy.

     Täze döredilen şekil-nagyşlarynyň özboluşly sazlaşygyny açyp görkezýän bu sergide Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Ada Gutlyýewiň döwrebap haly eserleri görkezilýär. Ýaýbaňlandyrylan sergide halypa suratkeşiň eserleri bilen bir hatarda, onuň şägirtleriniň döredijilik üstünliklerini açyp görkezýän eserler hem öz beýanyny tapýar.

     Sergide milli mirasymyzyň çeper beýanyny şöhlelendirýän ajaýyp eserleri, halypanyň döredijilik ýolunyň özboluşlylygyny görmek bolýar. Halypa suratkeş halyçylyk sungatynyň taryhy geçmişini çuňňur öwrenip, «Pazyryk halysy – türkmen halysy» atly eserini döredipdir. Bu ajaýyp sungat eserinde ol V asyra degişli bolan halynyň gurluşyny, reňklerini şekillendiripdir.

     Suratkeşiň Pazyryk halysyna bolan gyzyklanmasy ony «Geçmişiň sedasy – şu günüň ýaňy», «Sekizburçlukdaky sekiz gudrat», «Ýanardagyň ýedi arkasy» atly täze eserleri döretmäge ruhlandyrypdyr. Halypa suratkeş eserlerinde türkmen halyçylyk sungatyna mahsus bolan nagyşlarynyň çeper özboluşlylygyny açyp görkezmegi başarypdyr.

     Ussat suratkeş Ada Gutlyýewiň «Bagtyýarlyk eýýamy», «Ezeli kämillik», «Gadamy batly bedewler», «Ahalteke bedewiniň on ýedi ugry», «Bagtyýarlygyň mekany», «Bedew», «Asyrlaryň aňyrsyndan görünýän türkmen taryhy», «Berkarar we Bagtyýar» atly haly eserlerinde ahalteke bedewiniň keşbi ussatlyk bilen şekillendirilýär. Halypanyň türkmen halyçylyk sungatynyň taryhynda ilkinji bolup, «3D janly haly» eserini innowasion tehnologiýasynyň üsti bilen ýerine ýetirendigini bellemek gerek.

     Türkmen sungatyny dünýä ýaýmaga, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, umumadamzat ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Ogulsona ÖWEZMYRADOWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby.

Meňzeş habarlar