DÜNÝÄDE IŇ BEÝIK BINA BOLAR

     Beýik Britaniýanyň arhitektura edarasy bolan Foster+Partners kompaniýasy Saud Arabystan döwletiniň paýtagty Er-Riýad şäherinde dünýäde iň beýik binanyň taslamasyny işläp düzýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, başy gökdirän binanyň beýikligi 2000 metre barabar bolmalydyr, bu bolsa häzirki wagtda dünýäde iň beýik bina hasap edilýän 828 metr beýiklige eýe bolan «Burj-Halifa» binasyndan tas 2 esse beýik diýmekligi aňladýandyr. Eger binanyň gurluşygy doly tamamlansa dünýäde iň beýik bina adyna eýe bolup Ginnesiň rekordlar kitabyna girer. Bina Patyşa Halid adyndaky howa menziliň demirgazyk tarapynda, Er-Riýad şäheriniň merkezinden 35 km daşlykda ýerleşdiriler. Hünärmenleriň çaklamalaryna görä binanyň gurluşygynda ýüze çykjak esasy meseleleriň biri ýeliň güýçli öwüsmegidir, bu bolsa binanyň gurluşygyna öz täsirini ýetirip biler. Häzirki wagtda hünärmenler binanyň howpsuz gurluşygynyň taslamasynyň üstünde işleýärler.

 

Taýýarlan: Bagtyýar GURBANBERDIÝEW,

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň

institutynyň hukuk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Meňzeş habarlar