AGAÇLARYŇ PEÝDASY BARADA MAGLUMATLAR

      Bir düýp agaç ýylyň dowamynda 120 kilogram kislorod bölüp çykarýar. Bu mukdar üç sany ynsanyň ýylboýy arassa howadan dem almagyna mümkinçilik döredýär.

      Agaçlaryň howany sazlaýjy hökmünde bitirýän hyzmatlary hem bimöçberdir. Has hem yssylygy özüne çekýän asfalt ýollar, beton binalar köp bolan uly şäherlerde dogry gurnalan ýaşyl zolaklar tomsuna howanyň temperaturasynyň 10-12 gradus salkyn bolmagyna ýardam edýär.

      Geçirilen barlaglar gök-ýaşyl gurşawa eýe bolan ýerde ýaşaýanlaryň, agaçlyk we baglyk az ýa-da ýok ýerde ýaşaýanlara garanyňda, has keýpiçag, tutanýerli bolýandygyny görkezdi. Baglaryň adam ruhuna täsiri hökmünde penjiresinden agaçlardyr baglary görüp duran hassanyň beýlekilere garanyňda, has tiz aýaga galýandygy baradaky mysaly hem getirip bileris.

      Her bir tokaý bölejigi her ýyl 25-50 tonna mukdardaky çaň-tozanlary özüne siňdirip, biziň tämiz howadan dem almagymyz üçin uly hyzmaty ýerin ýetirýär.

 

Gültäç ALYHANOWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

Umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar