NOWRUZ GELDI ILIME

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň her bir güni toý-dabaralara, şanly senelere beslenýär. Şeýle dabaralaryň biri hem baharyň gelmegi bilen uludan bellenilýän Nowruz baýramydyr. Türkmen hem-de Gündogar halklarynda giňden bellenilýän Nowruz baýramy parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýar. Nowruz diňe bir baharyň gelşini buşlaýan sene bolman eýsem, topragyň janlanýandygyny hem alamatlandyrýar.

      Taryhyň dürli döwürlerinde bu baýramy bellemegiň däpleri halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň berkemegine ýardam edipdir. Beýik ýüpek ýolunyň ugry bilen gatnan kerwenler halkymyzyň Nowruz baýramy bilen bagly däplerini dünýäniň çar künjegine ýaýradypdyrlar. Nowruz baýramy ençeme halklarda, şol sanda türkmenlerde hem Gün senenamasy boýunça ýaz paslynda gije-gündiziň deňleşýän wagtynda mart aýynyň 21-ne bellenilipdir. Hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklar, birek-birege ynam bu baýramyň esasy ýörelgeleridir. 2009-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy köp milletleriň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny özünde jemleýär. Ol medeniýetleriň gadymy taryhyny, däp-dessurlaryny we mirasyny häzirki zamanyň sungat ýörelgeleri bilen utgaşdyryp, adamlaryň şatlygyna şatlyk goşýar.

      Ähli döwürlerde-de türkmen halkynyň pelsepewi dünýägaraýşyny, ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän Halkara Nowruz güni Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda hem uly dabara bilen bellenilýär. Nowruz saçagy dürli naz-nygmatlar, milli tagamlar bilen bezelýär. Olaryň iň esasysy semenidir. Mundan başgada, palaw, süýtli aş, dänik, bulamak, noýbaly unaş, mäşewe, Nowruz ýarmasy, Nowruz köjesi ýaly tagamlar hem bişirilýär.

      Bizi asuda durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

      Ýetip gelýän Nowruz baýramyňyz gutly bolsun!

 

Laçyn KAKAJANOWA,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň

Umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar