SYNLAP GÖZEL KEŞBINI

       Bagryny ýaşyl maýsalara oýkap, goýnuna gülleri guçup, egnine toý lybasyny atynyp gelen bahar paslyny synlanyňda gözüň dokunýar. Ýüregiň joşup, kalbyň heýjana gelýär. Çünki baharda tebigat edaly türkmen gelniniň kürtesi kimin ajaýyp reňkler bilen keşdelenýär. Bu gözellikler hiç bir ynsany biparh goýanok. Hoş owazly bagşylar aýdymlaryň, sazandalar şirinden-şirin sazlaryň, ele galam alan kişiler bolsa döredijilik eserleriniň üsti bilen bu görnüşiň waspyny ýetirýärler. Biziň güneşli ülkämizde ýylyň islendik güni şeýle ajaýyp görnüşi synlap, ondan lezzet alyp bolýar. Sebäbi, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserlerinde nygtaýşy ýaly, Ýurdumyz – bahar baýramy, onuň hiç sowulmaz bahar-ýazy bar. Çar tarapy bagy-bossanlyga bezelen asuda mekanymyzyň baky bahar paslynyň müdimi bolmagy ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Munuň şeýledigine milli hem-de ählumumy möçberde ekologik howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine Diýarymyzda şäherleriň we obalaryň töwereklerini, awtomobil, demir ýollarynyň ýakalaryny bagy-bossanlyga büremek meselelerini öz içine alýan Milli tokaý maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bilen hem aýdyň göz ýetirmek bolýar.

       Şu gün hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.

       Şu gezekki köpçülikleýin çäre adaty bir çäre bolman, eýsem, ýurdumyzyň ekologiýa ugurly başlangyçlarynyň ähli halkymyz tarapyndan goldanylýandygynyň, tebigaty goramagyň we dünýäde durnukly ösüşiň bähbidine alnyp barylýan asylly işlere goşulýan anyk goşant hökmünde Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli, yzygiderli işleriň nyşany boldy.

       Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, türkmen halky hemişe tebigata gözüniň göreji ýaly aýawly garapdyr. Eziz Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylýan köpçülikleýin bag ekmek dabarasy howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine-de mynasyp goşant goşýar.

       Arzuwlary wysal bolup, binýady berkden tutulan berkarar döwletini Köpetdagyň eteginde synlap duran Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy hem ýaşyl bagy-bossanlyga bürendi. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy esasynda häzirki zaman şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine we tutuş ýurdumyzyň ekologik abadançylygyna möhüm ähmiýet berilýär.

       Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýylyň-ýylyna ählihalk bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi biziň asylly däbimize öwrüldi. Şeýle çäreler umumy ähmiýetli işe dahylly bolmagy maksat edinýän adamlary birleşdirýär. Çünki, bag ekmek sogaply iş. Şahyr Gara Seýitliýewiň dürdäne setirlerinde belleýşi ýaly, kim-de-kim bir agaç ekse ýadygär, Dünýä kitabynda onuň ady bar.

Diýarym gül-gülüstan,

Goýny mydam ala ýaz.

Erem bagly Watanda,

Her günümiz aýdym-saz.

 

Görklendirip mekany,

Joşup zähmet çekeliň!

Gorap gözel ülkäni,

Hemmämiz bag ekeliň,

 

Nusgalykdyr bu ýolda

Äleme derkarymyz

Hak howandar Arkadagly

Gahryman Serdarymyz.

 

Milli Lider Arkadagyň

Paýhasyndan ýol alyp,

Toý-baýrama beslenýär,

Her günümiz nurlanyp.

 

Bag ekmek dowamat ömre,

Nesillere görelde.

Goramaklyk tebigaty,

Pederlerden ýörelge.

 

Uýup pederleň pendine,

Gorarys bu ülkäni.

Garaşsyz, Bitarap ýurdum,

Ýaşyl baglaň mekany.

 

Çeper NAZARGYLYJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň talyby,

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

Meňzeş habarlar