Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde häzirki döwürde ýurdumyzda innowasion senagatlaşmak yzygiderli amala aşyrylýar, daşky gurşawy goramaga, senagat kärhanalarynyň ekologiýa howpsuzlygyna aýratyn üns berilýär. Şonuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz halkara giňişliginde ekologiýa we daşky gurşawy goramak babatda oňyn başlangyçlar bilen çykyş edýär. Munuň özi, ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynda ekologiýa diplomatiýasyna aýratyn ähmiýet berilýändigini tassyklaýar.
Adalatlylyk, daşky gurşawy gorap saklamak, durnukly ösüş babatyndaky ählumumy ýörelgeler ýurdumyzyň alyp barýan ekologiýa diplomatiýasyny häsiýetlendirýär. Bu bolsa, Türkmenistanyň dünýäde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde öňe sürýän başlangyçlarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirmeginiň ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylyga we durnukly ösüşe gönükdirilendigini subut edýär.
Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 9-njy fewralynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da ýaýbaňlandyrmak hem-de şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ekilýän bag nahallarynyň möçberini artdyrmak maksady bilen 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek bu buýsandyryjy ýagdaýdyr.
Döwlet Baştutanymyz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky işlere örän jogapkärli we toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny, ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň dogry we wagtynda ideg edilmegine aýratyn ähmiýet berilmelidigini bellemek bilen, şeýle asylly işiň ýaş nesillerde halal zähmete bolan çäksiz söýgini pugtalandyrmakda hem wajyp orun eýeleýändigini nygtaýar. Adam durmuşdaky ähli zerurlyklaryny ilkinji nobatda tebigatdan alýandygy nukdaýnazaryndan seredeniňde tebigatyň ýaşaýşyň gönezligi bolup durýandygyny hemmelere aýdyň hakykatdyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur oýlanyşykly ekologiýa maksatnamasynyň düýp özeni jemgyýetiň we daşky gurşawyň ösüşiniň sazlaşygyny üpjün etmekden, ekologiýa taýdan arassa ýaşaýyş gurşawyny döretmekden ybarat bolup, munuň özi Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň düzüm bölegi hökmünde çykyş edýän Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň netijeli durmuşa geçirilmeginiň iş ýüzündäki beýanynda aýdyň şöhlelenýär.
Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi bu ugurdaky netijeli işleriň anyk mysallarydyr. Şunda, döwletimiziň ekologiýa syýasatynyň derwaýys ugurlarynyň biri bolan “ýaşyl zolaklary” giňeltmek netijesinde ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti aýratyn uludyr. Çünki, tokaý zolaklarynyň giňeldilmegi ýurdumyzyň ykdysady ösüşine, tebigatyň biodürlüligini gorap saklamaga we baýlaşdyrmaga, çölleşme hadysalarynyň öňüni almaga ýardam berýär. Çölleşme hadysasynyň öňüni almak boýunça çäreler hem ýurdumyzyň halkara ekologiýa hyzmatdaşlygynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Gadym döwürlerden bäri halkymyz ýere, suwa, ösümlik we haýwanat dünýäsine aýawly çemeleşmek arkaly tebigat bilen sazlaşykda ýaşamagyň ahlak ýörelgesiniň nusgalyk keşbini kemala getiripdir. “Ýaşlygyndan nahal ekmedik, garranynda kölegede oturmaz” diýen parasatly tymsala eýerýän dana pederlerimiziň asylly däbiniň dowamy hökmünde ýurdumyzda gök zolaklaryň geriminiň giňeldilmegi häzirki zaman şertlerinde ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň hem özboluşly innowasion usuly hökmünde çykyş edýär. Şol bir wagtda, ertirki günümiziň arassa howa şertleriniň girewi bolan tebigatyň deňagramlylygyny durnukly saklamaga gönükdirilendir.
Şunuň bilen baglylykda, ählihalk ýowarynda ekiljek bag nahallarynyň ýurdumyzyň ähli sebitiniň toprak howa şertlerine mahsus görnüşleriniň seçilip alynmagy, ýerleriniň taýýarlanylmagy, nahallar oturdylanda agrotehniki kadalaryň talabalaýyk berjaý edilmegi we topragyň ylmy esasda içgin öwrenilmegi bilen baglanyşykly taýýarlyk işleriniň giň gerimde ýaýbaňlandyrylmagy diňe bir ylmy çemeleşmä esaslanýan biologik köpdürliligiň baýlaşmagyna itergi bermek çäklenmän nahallaryň damjalaýyn suwaryş usuly bilen suwarylmagy döwletimiziň ýer-suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyna gönükdirilen dünýä ylmynyň gazananlarynyň işjeň ornaşdyrylmagynyň subutnamasy bolup çykyş edýär.
Mälim bolşy ýaly, ekologiýa diplomatiýasynyň sebit derejesinde ösdürilmeginiň derwaýyslygy tebigatyň serhet çäginiň ýokdugy, howa gurşawynyň umumadamzat üçin bitewiligi, döwletleriň ulanýan agyz we ekin suwlarynyň gözbaşynyň bir bolmagy, tebigatyň janly-jandarlarynyň ýer we howa üsti bilen uzak hem-de ýakyn döwletleriň çäklerine aralaşyp ýaşamaklary bilen hem esaslandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa sebitiniň ekologiýa meseleleri Türkmenistan döwletimiziň işjeň we köptaraplaýyn ekologiýa diplomatiýasyny alyp barmagyny şertlendirýär. Ýurdumyzyň halkara ekologiýa başlangyçlary diňe bir seslenme bolman eýsem, Türkmenistanyň olary durmuşa geçirmekde ähli zerur goldawy bermäge taýýardygy baradaky hormatly Prezidentimiziň beýan eden teklipleri dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa mynasyp bolýar.
Umuman, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasynyň barha işjeň häsiýete eýe bolmagy ählumumy howpsuzlygyň düzüm bölegi bolan ekologiýa howpsuzlygynyň sebit we dünýä derejesinde üpjün edilmeginde goşýan mynasyp goşandy bolup durýar. Şol bir wagtda, halkymyzyň durmuş abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilýän daşky gurşawyň goragyny we tebigy serişdelerimiziň rejeli peýdalanylmagyny maksat edinýän hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ýola goýmaga hem giň mümkinçilikleri açýar.
Ýurdumyzda hem-de bütin dünýäde daşky gurşawy goramak boýunça umumadamzat bähbitli ägirt uly tagallalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömrleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris!
Welimyrat ÖWEZOW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Medeniýet we
köpçülikleýin habar beriş bölüminiň müdiri.