«Pähim paýhas ummamy Magtymguly Pyragy» diýen buýsançly şygar astynda geçýän ýylymyzyň sayýasy-jemgyýetçilik durmuşy ýene-de şanly wakalara ulaşdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hut özüniň şa gadamynyň Lebap welaýatyna düşmegi we iri önümçilik maksatly desgalaryň ýene-de biriniň— welaýatymyzyň Köýtendag etrabynda Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň işe başlamagyna ak pata bermegi biziň berkarar Watanymyza, bagtyýar döwrümize bolan buýsanjymyzy has-da artdyrdy. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň gündogarynda ýerleşýän Lebap sement zawodynyň gurluşyk işlerine 2020-nji ýylda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen badalga berilipdi. Ynha, sanlyja ýyllardan bolsa etrabymyzda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyna özüniň mynasyp goşandyny goşjak ýene-de bir desga açylyp ulanmaga berildi. Ýurdymyzyň senagat toplumy üçin möhüm ähmiýete eýe bolan bu kuwwatly zawodyň gurluşygy «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýeti tarapyndan alnyp baryldy. Işe girizilen kärhana tehniki enjamlar we hili taýdan ýokary halkara ölçeglerine doly laýyk gelýär. Onda önümçilik işi awtomatlaşdyrlandyr we ol kompýuter üpjünçiligi tarapyndan dolandyrylýar. Şeýle hem bu ýerde daşky gurşawyň howpsuzlygyny saklamagyň talaplarynyň berjaý edilmegine aýratyn üns berlipdir.
Bu täze sement zawodynyň önümçilik kuwwaty ýylda bir million tonna deň bolup, sement öndürmek üçin gerek bolan çig mal şu ýakyndaky ýerlerden alynýar. Bu zawotda has ýokary hilli S-600 markaly sement öndürmek göz öňünde tutulýar. Kärhanada ýokary gatylykly portlant sement, şeýle hem nebit-gaz çykaryjy pudaklar üçin niýetlenen berçinleýji sement we gidrotehniki desgalaryň gurluşygynda ulanylýan sulfata durnukly sement öndürilýär. Täze tapgyrda gurlan kärhanada Germaniýanyň, Türkiýänyň we beýleki Ýewropa döwletleriniň belli kompaniýalarynyň häzirki zaman enjamlary otyrdylan. Bu ajaýyp zamananyň bagtyndan paýly bolan ýaşlar üçin bolsa, taryhy işlere gatnaşmak, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyna mynasyp goşant goşmak üçin döredilen mümkinçilikler bolsa biz üçin mertebe we beýik derejedir. Şeýle buýsanjyň eýeleri bolan türkmen ýaşlarynyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Argadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary çäksizdir. Goý,Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.
Göwher MÖWLÝAMOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.