ÝAŞLAR GELJEGE YNAM BILEN

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ýurdumyzda ýaşlary watansöýüjilik ruhunda hem-de ata-babalarymyzyň kämillik mekdebini geçen belent ahlak ýörelgelerine laýyklykda terbiýelemek, hormatly Prezidentimiziň ynsanperwerlige ýugrulan döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolmak bilen, olaryň mynasyp ornuny pugtalandyrmak Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň baş maksatlarynyň biridir.

      Ýaş nesilleri halkymyz tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda döredilen milli, ruhy gymmatlyklaryň esasynda terbiýelemekde, Watanymyzyň ýeten derejesine buýsanýan, jemgyýete wepaly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil şahsyýetler edip ýetişdirmekde döwletimizde dünýä nusgalyk beýik işler amala aşyrylýar.

      Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlardan has zehinlilerini ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän «Merdana nesil», «Iň eýjejik gyzjagaz», «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» ýaly aýdym-saz bäsleşikleriniň many-mazmuny ýylba-ýyldan artýar. 2020-nji ýyldan bäri zehinli çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň gowşurylmagy ösüp gelýän bagtyýar nesilleriň geljekki üstünliklerine badalga berýär. Şular ýaly bäsleşikleriň geçirilmegi ýaşlar barada edilýän aladalaryň yzygiderli we baý mazmunlydygyny alamatlandyryp, ýaşlaryň geljege ynamly gadam basmaklaryna höwes döredýär.

      Ösüp gelýän ýaş nesilleriň ýagty geljegi ugrunda atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

 

Gülnara SARYBAÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň jogapkär işgäri.

Meňzeş habarlar