INTERNETDE GÖZLEG MÜMKINÇILIKLERI

     Hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyran syýasatynyň netijesinde, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna halkara standartlaryna laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şol sanda, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda sanly tehnologiýalaryň ulanylmagyny giňden ýola goýmak, elektron resminamalar dolanyşygyny hem-de elektron senagatyny kämilleşdirmek, sanly tehnologiýalaryň üpjün ediliş derejesinde şäherleriň we obalaryň tapawudyny aradan aýyrmak ýaly wezipeler amala aşyrylyp, durmuşymyza giňden ýaýrap, yzygiderli ornaşdyrylýar. Sanly ykdysadyýete geçmek boýunça wezipeler maglumat-aragatnaşyk üpjünçilik ulgamynyň, şol sanda internet hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyndan şeýle hem adamyň intellektual ukyplarynyň doly derejede ulanylmagyndan we beýleki zerur bolan şertleriň ýerine ýetirilmeginden ybaratdyr. Şeýle hem, sanly ykdysadyýet çygrynda maglumatyň we innowasion tehnologiýalaryň goragynyň üpjün edilmegi wajyp wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenýär.

     Häzirki wagtda dünýäniň aglaba ýurtlarynyň ilaty internet ulgamynyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanýar. Ony ulanyjylaryň sany ýyl-ýyldan artýar, bu bolsa sanly ykdysadyýetiň kämilleşmegi üçin amatly ýagdaýy emele getirýär. Netijede, ol ykdysady ösüşe itergi berýän güýç diýip hasap edilip, onuň jemgyýetiň durmuşynda tutýan orny barha pugtalandyrylýar. Sanly ykdysadyýetde we onuň üpjünçilik ulgamynda bolup geçýän tehnologiki ösüş meýilleri ähli internet torunyň ulanyjylary üçin täze hilli hyzmatlary hödürleýär.

     Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynda: “«Maglumatlar we tehnologiýalar asyry» diýlip atlandyrylýan XXI asyrda ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmek, milli ykdysadyýetimizi ýokary tehnologiýaly pudaklar bilen üpjün etmek döwrüň talaby we güýçli döwlet bolmagyň esasy şertidir. Biz bu ugurda ileri tutýan maksatlarymyzy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» aýdyň kesgitledik.” – diýip belleýär.

     Elbetde, maglumatlar we tehnologiýalar asyrynda internet ulgamyna goýulýan maglumatlaryň örän köp mukdarda bolmagy, olaryň hem sagat saýyn artýandygy aýratyn bellärliklidir. Internet ulgamynda gözleýän maglumatymyzy tapmak, maglumatlaryň kändigi üçin bize kähalatlarda kynçylyk döredip bilýär. Şonuň üçinem gözlegiňizde netijeleriňizi belli bir ýollar bilen çäklendirmek üçin ýörite operatorlary ulanyp bilersiňiz. Mysal üçin:

     Gözlegde site:yashlar.gov.tm ýazsak, şu web sahypa degişli maglumatlary, site:yashlar.gov.tm terbiýe görnüşinde gözleg bersek,  biz terbiýe barada görkezilen web sahypadaky maglumatlary alyp bilýäris.

      Käwagt adamlar diňe belli bir sözi ýa-da sözlemi ýatladýan web sahypalaryna isleg bildirýärler. Mysal üçin, elektron kitaphanalar hakda bilmek isleýärsiňiz. Onda [“elektron kitaphana”] görnüşde gözledip bilersiňiz. Netijede, biz diňe şol sözleri ýa-da söz düzümlerini öz içine alýan web sahypalary alýarys.

     Gözlegde “+” belgini ulanmak arkaly gözleýän maglumatymyzyň ýanyna sözleri ýa-da söz düzümlerini goşup bilýäris. Mysal üçin, [kitap +edep]. Netijede edep temasyndan kitaplary alýarys.

     Gözlegde goşmak islemeýän sözüňiziň öňüne “-” ýazyň. Mysal üçin, [kitap -taryh]. Gözlegiň netijesinde biz taryha degişli bolmadyk kitaplary alyp bilýäris.

     Gözlegde “filetype:” ulanmak arkaly biz degişli maglumatymyzy görnüşine görä tapyp bilýäris. Mysal üçin, [ýaşlar filetype:pdf]. Gözlegiň netijesinde biz .pdf görnüşli maglumatlary alýarys.

     Gözlegde [sene]-[sene] ulanmak arkaly gözlegimiziň haýsy wagta degişli maglumat bolmalydygyny görkezip bilýäris. Mysal üçin, [internet 2015-2020]. Netijede 2015-2020-nji ýyldaky internet ulgamyna degişli bolan habarlary görüp bilýäris.

     Şeýle-de, gözleg matorynyň üsti bilen matematiki hasaplamalary hem geçirip bilýäris. Mysal üçin, [747*158] görnüşinde ýazsak, biz hasaplamanyň netijesini alýarys.

 

Pirnazar REJEPOW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Sanly ulgam we

maglumat howpsuzlygy bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar