Bahar paslynyň gelmegi bilen tebigata täzeden jan girip, daş-töwerek lälezarlyga, gözellige beslenýär. Bahar paslynyň buşlukçysy bolan al-ýaşyl güller, pyntyk ýarýan baglar, türkmen sährasynyň gözelligi kalplary heýjana getirýär. Ýaşyl begresini ýapynýan baýyrlaryň ajaýyplygy-da ýakymly täsirleri döredýär. Ähli ynsanlar hem bahar-ýazyň toý şatlygyny paýlaşýarlar.
Ýaz paslynyň ajap çagynda Milli bahar baýramy giňden dabaralandyrylýar. Bu toýuň Halkara Nowruz güni bilen goşalanyp bellenilmeginde özboluşly many bardyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Nowruz baýramy iň gadymy baýramçylyklaryň biridir, ol köp asyrlaryň dowamynda dünýäniň köp halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň kalbynda we hakydasynda müdimi orun alyp, myhmansöýerligiň, hoşniýetli goňşuçylygyň, ynsanperwerligiň hem-de zähmetsöýerligiň belent ýörelgeleriniň dowamatlylygyny özünde jemleýär we bütin dünýäde dostluga hem-de ylalaşyga çagyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigatyň we köňülleriň baýramy bolan bu senä aýratyn ähmiýet berilýär. Ýene-de sanlyja günde Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň toý joşguny eziz Diýarymyzyň ähli künjegini gurşap alar. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasynda hem milli toý däpleriniň giňden berjaý edilmeginde uly baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyrylar. Şol ajaýyp toý dabarasyna işjeň gatnaşmak her birimiziň arzuwymyz. Milli toýlarymyzyň uludan bellenilmegine ajaýyp mümkinçilik döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy alkyşlarymyz çäksizdir.
Bezirgen BAÝRAMOW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Bäherden
etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň hünärmeni.