BAG – DURMUŞYŇ BEZEGI

      Bahar paslynyň ajaýyp howasynyň gelmegi bilen, ene topraga ýyly girip, tebigat janlanyp, Hakyň nazary düşen güneşli Diýarymyzyň çar ýany gülzarlyga beslenip, ýaşyl begrese bürenýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça başlangyçlary ýurdumyzyň raýatlarynyň giň goldawyna eýe bolýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda millionlarça düýp agaç nahallarynyň ekilmegi gür tokaý zolaklarynyň döredilmegine getirdi. Ajaýyp tebigatymyzyň gözelligine görk goşýan, daş-töwereginiň howasyny arassalaýan baglar ýurdumyzyň ähli ýerinde köpçülikleýin ekilýär. Aýratyn hem, ýollaryň gyrasyna, köçeleriň ugruna, kärhanalaryň, edaralaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň, myhmanhanalaryň ýanaşyk ýerlerine bezeg berýän agaçlary we gülleri ekmegiň örän uly ähmiýeti bardyr. Kaşaň binalara, şäherdir obalarymyza bezeg bermek bilen bir hatarda baglar “Ýaşyl süzgüç” bolup hyzmat edýär.

      Ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmak, bag ekmek, ýaşyl zolaklary döretmek ýaly işler “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem täze güýç bilen ýaýbaňlandyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa meselesini hiç wagt ünsden düşürmezligi, onuň baýlyklaryny goramagy ündemegi bu ugruň döwlet syýasatynda esasy bolup galýandygyny aýdyň görkezýär. Ýaşyl baglar ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrýar. Ildeşlerimiziň bag ekmäge her ýyl agzybir gatnaşmaklary ekologiýa medeniýetiniň has kämilleşendigini görkezýär. Döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady hem mähriban Diýarymyzyň gözel tebigatyna söýgüni döretmekden, daşky gurşawa aýawly garaýşy kemala getirmekden ybarat bolup durýar.

      Halkymyzda dürli görnüşdäki miweli we saýaly bag nahallaryny oturtmak, oňa gowy ideg edip, ösdürip ýetişdirmek sogap iş hasaplanylýar. Ata Watanymyzda her ýylda iki möwsümde köpçülikleýin bag oturtmaklyk asylly däbe öwrüldi. Uludan-kiçi hemmeler döwlet Baştutanymyzyň nusgalyk göreldesine eýerip, miweli, saýaly, pürli baglary oturtmaklygy özlerine borç hasap edýärler we eziz Diýarymyzyň oba-şäherleriniň bagy-bossanlyga bürenmegine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ählihalk bag ekmek dabarasynyň guramaçylykly geçirilmegi Türkmenistan döwletimiziň bagy-bossanlyga bürelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyz bagy-bossanlyk bolsa, köňüllerimiz hem saýaly bolar.

 

Çary SAPAROW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

 Boldumsaz etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar