REŇBE-REŇ GÜL AÇAR ÝAŞYL ÝAÝLASY

       Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurt baştutanlygynda, daşky gurşawy goramakda we aýawly saklamakda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren döwletli tutumlary üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyrygyndan ugur alnyp, Diýarymyzyň çar künjeginde bag ekmegiň ýazky möwsüminiň badalga almagy munuň özboluşly subutnamasyna öwrüldi. Bag ekmek türkmen halkynda iň sogaply işleriň biri hasaplanylýar. «Müň bir nahal ekseň, ýaşyň baky» diýen nakyl hem muňa doly şaýatlyk edýär. Bag-bossanlygyň diňe bir gözellik däl, eýsem, saglygyň, päkligiň çeşmesidiginden ugur alnyp, güneşli Diýarymyzda bag ekmek işleri yzygiderli alnyp barylýar. Ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sahawaty bilen ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, dürli miweli agaçlary ýetişdirmek babatda alnyp barylýan işler dowamly häsiýete eýe bolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyryklaryna berk eýermek arkaly geçirilýän ählihalk bag ekmek çäresi dünýä halklary üçin uly ähmiýete eýe bolup durýan ekologiýa meselelerini hem-de daşky gurşawy goramagyň wezipelerini çözmekde agzybir halkymyzyň mynasyp goşandyny goşmaga hemişe taýýardygyny aýdyň görkezýär. Bag ekmegiň ählihalk dabarasy agzybir halkymyzyň bereketli topragymyzy bagy-bossanlyga büremek babatdaky arzuw-maksatlarynyň iş ýüzünde  durmuşa geçirýändiginiň anyk tassyknamasydyr. Bag ekmek bilen bagly şeýle asylly ýörelgäniň netijeleri bolsa örän guwandyryjydyr.

       Söz sungatynyň ussady Magtymguly Pyragy hem öz döredijiliginde baglary hojalygyň hossary, duýgularyň sazy, raýdaşlygyň nyşany hökmünde arşa galdyryp, şygyrlarynda ösümlikleriň dürli görnüşleriniň atlaryny ýygy-ýygydan ulanypdyr. Baglaryň keşbini, tebigatyň durkuny mazmun hem-de çeperçilik taýdan milli öwüşginler bilen baýlaşdyrýan şahyryň eserleri güllerden sünnäläp dokalan gözellik keşdelerini ýada salýar. Baglara üstünlikleriň binýady hökmünde garaýan akyldarymyz «Dünýäde müň tanap baglaryň bolsa» diýen paýhasly setirleri arkaly daşky gurşawyň goragyna, päklige, sagdynlyga çagyrýar. Magtymguly Pyragynyň «Dürli miwe beren baglar», «Tokaýlary bardyr gargy-gamyşly», «Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy» ýaly dana setirlerinde hem türkmen tebigatynyň waspy çeper dilde beýan edilýär.

       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baglara bolan mähir-söýgüniň, olaryň gadyr-gymmatyny, keşbini, tebigatdaky ornuny çeper suratlandyrmagy başaran, ady äleme dolan söz ussadynyň baglara bolan guwanjy kemal tapyp, arzyly islegleri hasyl boldy. Tebigata mähir bilen garaýan ynsanlara tokaýlar müňlerçe ýyllardan bäri sahylyk bilen nuruny, gymmatly gözelligi eçilip gelýär. Bereketli topragyň sahylyk nygmatynyň bir bölegi bolan tokaýlarda her bir agajyň peýdasy uludyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň geljekki nesilleriň hatyrasyna hem-de bähbidine gönükdirilen tebigy we emeli tokaýlary gorap saklamak we ýerlikli peýdalanmak, olaryň çäk möçberlerini yzygiderli köpeltmek bilen bagly taryhy başlangyçlary dünýä ýüzünde uly goldawa eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly ekologiýa syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde ählihalk bag ekmek çäresiniň netijesinde döredilýän bagy-bossanlyklar çuňňur many-mazmuny özünde jemleýär. Şeýle asylly ýörelgäni bagtyýar durmuşymyzyň bezegine öwüren Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşlarymyz çäksizdir.

       Magtymguly atamyzyň arzuwlarynyň wysal bolan zamanasynda Diýarymyzy gülledip ösdürmek we bagy-bossanlyga öwürmek babatda giň gerimli işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, döwletli we haýyrly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Aýnatäç NEDIROWA,

TMÝG-niň Balkanabat şäher

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Öňki makala

GYZYL GAZLAR BARADA

Meňzeş habarlar