GYZYL GAZLAR BARADA

       Ajaýyp ýurdumyzyň özboluşly we örän baý tebigaty bar. Tebigatda we adamyň ýaşaýşynda guşlaryň ähmiýeti has uludyr. Guşlaryň çäksiz gözelligi gadymy döwürlerden bäri adamlaryň ünsüni özüne çekip geldi. Olardan biri hem gülgüne öwüşginli ganatlary bilen tapawutlanýan gyzyl gazlardyr (flamingo). Gyzyl gazlar uçan wagty ganatlary gyzyl gülgüne bolup görünýär. Aýaklary, çüňküniň düýbi, gözüniň töweregindäki deri örtügi hem gülgüne bolýar. Ulularynyň boýnunyň beýikligi 1.5 metrden geçýär. Gyzyl gazlar Ortaýer deňzinde, Günbatar, Gündogar we Günorta Afrikada, Merkezi Amerikada giňden ýaýrandyr. Gyşlan ýerleri hem bölünen - Afrikanyň we Arabystanyň kenarýakalary, Merkezi Amerika, Hindistan, Türkmenistan.Ýurdumyzda we GDA ýurtlarynda gyzyl gazlaryň bir görnüşi, ýagny gyzyl ganatly, gülgüne öwüsýän başgaça aýdylanda adaty flamingo görnüşi giňden ýaýrandyr. Olary uçýan mahallary Ýewraziýanyň we Afrikanyň köp sebitinde görmek bolýar. Howanyň has sowamagy bilen bu guşlar Günorta sebitlere ýagny Eýran, Hindistan, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly ýurtlara uçýarlar.

       Gyzyl gazlar käbir guşlaryň az sanlysynyň ýaşap bilýän aşa kyn tebigy şertlerine çydamlydyrlar. Mysal üçin olar gaty duzly kölleriň golaýynda ýaşaýar. Olaryň işdäsi diýseň gowudyr, adatça günüň dowamynda öz agramynyň dörtden birine çenli iýmit iýýär. Gyzyl gazlaryň iýmiti esasan leňňeç görnüşliler maşgalasyna degişli bolan ýalaňaç aýaklylaryň liçinkalary, gurçuklar, molýuskalar we suwotular bolup durýar. Olaryň gülgüne öwüsýän reňki kiçijik gyzyl leňňeçleri iýmegi bilen döreýär, sebäbi olarda karatinoid saklanýar. Bu aýratynlyk käbir guş görnüşlerinde hem ýöriteleşendir. Ol iýmit gözlände ýokarky dodagy aşakda ýerleşendigi sebäpli kellelerini öwrüp iýmitlenýärler. Gyzyl gazlaryň  esasy duşmanlary tilkiler, möjekler, şagallar we iri ýelekli ýyrtyjylar, ýagny köplenç bu guşlaryň koloniýasynyň golaýynda gezýän bürgütler we laçynlar bolup, olar esasan gyzyl gazlaryň jüýjelerini awlaýarlar.

       ABŞ-nyň Jorjiýa institutynyň professary Hui Çang we Emori uniwersitetiniň professory Lina Tin diri we öli guşlar bilen birnäçe barlaglary geçirdiler. Olaryň tassyklamagyna görä, gyzyl gazlaryň ýene bir häsiýetli aýratynlyklarynyň biri hem bir aýagynda uklap bilýänligidir, bu guşlar bir aýagyny ulanan mahaly işjeň muskul güýjüni sarp etmän az energiýa harçlaýarlar. Bu hadysany bolsa passiw agyrlyk salgylanmasy hökmünde häsiýetlendirýärler. Bir aýagyň üstünde duran wagty guşa seretseň aýak göniden-göni göwresiniň aşagynda ýygnanýar. Bu ýagdaýda duranda olaryň goldaw mehanizmi işläp başlaýar.

       Hazar deňziniň türkmen böleginde geçirilen guş ýazuwynyň netijelerine görä, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen we Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň nyşany hasaplanylýan gyzyl gazlaryň rekord mukdary hasaba alyndy. Ornitologlaryň barlaglaryna görä gyzyl gazlaryň umumy sany 30392 boldy. Ýagny olaryň hasabatynda belleýşi ýaly, bu resmi rekord 1971-nji ýyldan bäri ýöredilip gelinýän milli maglumatlara we gözegçiliklere görä hasaba alyndy. Umuman alanyňda alnan maglumatlar kenarýaka sebitlerinde bolup geçýän tebigy üýtgeşmelere garamazdan, hazaryň türkmen böleginde guşlaryň köpçülikleýin gyşlaýan ýeridigini görkezýär.

 

 

Güljemal BAÝLYÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy

şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar