BERKARAR DÖWLETIŇ ÝAŞ BINAGÄRLERINIŇ ÜSTÜNLIKLERI

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýaş nesliň döwrebap bilim alyp hünär öwrenmegi, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin uly tagallalar edilýär. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň tehnologiýalar Merkezinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň bilelikde guramagynda 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli binagärlikde özboluşly milli we innowasion taslamalary taýýarlamakda, şeýle hem milli binagärlik we şähergurluşyk işini mundan beýläk kämilleşdirmek ýurdumyzyň ýaşlaryny döredijilige ugrukdyrmak, döwletimiziň ykdysadyýetiniň pudaklary üçin ylmy gözlegleri ukyply, çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözüp bilýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli binagärligiň ösüşi» atly taslama bäsleşigi geçirildi.

      Bäsleşigiň baş maksady ýurdumyzyň ýaş arhitektorlaryny ýüze çykarmak, täze döredilýän taslamalarda ýerli binagärlik usullaryny, şeýle hem olarda milliligi ornaşdyrmakdan ybarat. Bäsleşikde onlarça binagärlik taslamalary ýerleşdirilip olar esasan jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlary, sport we saglyk bilen baglanyşykly taslamalar, senagat desgalary we seýilgählerden ybarat bolup arhitekturanyň täze gazananlary bilen baýlaşdyrylypdyr.

      Bu bäsleşige Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Binagärlik» kafedrasynyň talyplary hem kämil innowasion taslamalary we şähergurluşyk meýilnamalary bilen işjeň gatnaşyp onlarça derejeli diplomlar bilen sylaglandylar. Olardan dört sany birinji derejeli diplom, on bir sany ikinji derejeli diplom we alty sany üçünji derejeli diplom bilen sylaglanmagy häzirki wagtda döwletiň ýaşlaryň döredijiligine berýän mynasyp bahanyň nyşanydyr. Talyplar taslamalaryň görnüşlerine ýüzlenip esasan beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly baýramçylygy bilen baglanyşykly, Pyragynyň döredijiligine we adyna bagyşlap taslamalary döretdiler. Olardan orta we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, söwda we dynç alyş merkeziniň, köp orunlyk drama teatrynyň, Botanika muzeýiniň, deňziň kenarynda gurulmagy meýilleşdirilýän dynç alyş toplumynyň, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna niýetlenen medeniýet merkeziniň, Magtymguly Pyragy taryhy muzeýiniň, «Magtymguly Pyragy» adyndaky şäherçäniň, Magtymgulynyň mukamy binasynyň şekil taslamalary özboluşly arhitektura çözgüdi bilen tapawutlanýar. Döwrebap we milli binagärligiň sazlaşygynda taslamalaşdyrylan desgalar ýurdumyzyň ýaş arhitektorlarynyň baý dünýägaraýşynyň bardygynyň kepilidir.

      Ýurdumyzda şeýle binagärlik taslama bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilip durmagy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň buýsandyryjy netijesidir.

 

Bagtygül HOJAGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy.

Meňzeş habarlar