ÝAŞ BINAGÄRLERIŇ ÜSTÜNLIGI

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiz tarapyndan ýola goýulan, hormatly Prezidentimiziň dowam etdirýän ajaýyp ýurdunda ýaş nesillere berilýän üns örän çäksizdir. Ähli ugurlar boýunça amala aşyrylýan işlerde üstünlikli başarnyk täze başlangyçlaryň sepgididir. Ýurdumyzyň medeniýetiniň, sungatynyň ýokary derejede ösmeginde işgärler, talyp ýaşlar önjeýli zähmet çekip, täze işleriň üstünde işleýärler. Ýurdumyzyň ähli ugurlary boýunça jemgyýetçilik guramalar dürli pudaklarda zähmet çekýän ýaşlara kämil hünärmenler bolmagy ugrunda uly işler alyp barýarlar. 2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli binagärlik özboluşly milli we innowasion taslamalary taýýarlamakda, şeýle hem milli binagärlik we şähergurluşyk işini mundan beýläk hem kämilleşdirmek ýurdumyzyň ýaşlaryny döredijilige ugrukdyrmak, döwletimiziň ykdysadyýetiniň pudaklary üçin ylmy gözlegleri ukyply, çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözüp bilýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen, “Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli binagärligiň ösüşi” atly binagärlik taslama döredijilik bäsleşik sergisi geçirildi. Bu döredijilik bäsleşik sergisine Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Binagärlik we dizaýn” kafedrasynyň talyplary işjeň gatnaşdylar. Bu bäsleşige talyplar bilen bir hatarda bilim ojagymyzyň öwreniji mugallymy Jennet Kowusowa gatnaşyp, II derejeli diploma mynasyp bolmagy başardy. Şeýle hem, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyny üstünlikli tamamlan uçurymymyz Akmuhammet Garaýew hem bu bäsleşige gatnaşyp, öz saýlap alan hünäriniň eýesidigini ýene bir ýola görkezmegi başardy. 

     “Binagärlik we dizaýn” kafedrasynyň talyplary Toýbibi Bäşimowanyň, Rahman Annadurdyýewiň, Näzik Poladowanyň, Merýem Durdymämmedowanyň ýerine ýetiren taslamalary aýratyn tapawutlanyp, I derejeli diploma mynasyp bolmagy başardylar. Selbi Gylyjowa, Güljemal Öwezowa, Aýjemal Orazlyýewa, Aşyrgeldi Nurmedow, Guwanç Muhtarow, Annagül Muhammetgurbanowa, Laçyn Ataýewa, Ýakup Nepesow, Resul Baýramow Orazmuhammet Sähetýazow, Bezirgen Nepesow, Şirin Rejepowa, Rano Jumanyýazowa, Dursunjemal Hojamuhammedowa, Arslan Hallyýew, Sapa Hojamyradow dagylar bolsa öz ýerine ýetiren taslamalary bilen II we III derejeli diplomlara we sowgatlara mynasyp boldular.

     Binagärlik sungatymyzy ösdürmekde döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsum aýdýarys! Goý, Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman, alyp barýan işleri mundan beýläk hem has-da rowaçlyklara beslensin!

 

Serwi ESENOWA,

“Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň “Sungaty öwreniş”

kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby.

Meňzeş habarlar