TEBIGATYŇ HEM-DE KÖŇÜLLERIŇ BAÝRAMY

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşlere, belent özgerişlere beslenip gelýän aý günler halkymyzyň çüwen bagty bolup, gadam basýan nurana ýyllar ata Watanymyzy rowaçlygyň aýdyň ýoly bilen belent maksatlara sary alyp barýar. Täze taryhy döwürde türkmen halkynyň Milli lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünliklere, şanly wakalara beslenýän gözel Diýarymyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär.

      Güneşli Diýarymyza bahar paslynyň gelmegi bilen gözel paýtagtymyz Aşgabat has-da gözelleşdi. Göwünlerimizi ganatlandyrýan, ene topraga bereket nuruny eçilýän ýagyş-ýagmyrly baharda biziň ilimiz ençeme baýramlary uly şatlyk, uly şowhun bilen belläp geçýär. Desse-desse güller, kalbymyzy joşdurýan duýgulara besleýän bu pasyl dostlugyň, agzybirligiň hem-de jebisligiň alamaty hökmünde görülýär. Bahar-ýaz gelse ylhamyňa ylham, mähriňe mähir goşulýar.

      Tebigatyň ynsan kalbyna ruhubelentlik, jümle-jahana direliş hem-de täzeleniş bagyş edýän çagynda pasyllaryň soltany baharda döwlet derejesinde, toýlaýan Milli bahar baýramymyz biziň Bagtyýarlyk döwrümizi aýratyn bezeýän şanly seneleriň biridir. Milli bahar baýramy – Nowruz türkmen halkynyň kalbynda we hakydasynda ajaýyp toý hökmünde bellenip gelýän baýramlaryň biridir. Bu baýram halklary dostlaşdyrýar, doganlaşdyrýar, ynsanperwerligi hem-de zähmetsöýerligi dünýä ýaýýar.

      Şeýle ajaýyp owadan ýaz paslyndan bellenilýän Nowruz baýramynyň waspyny şahyrlarymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan şahyrana setirlerinde, aýdymçylaryň ajaýyp aýdymlarynda, sazandalaryň şirinden-şirin mukamlarynda, suratkeşlerimiziň döredýän eserlerinde görmek bolýar.

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giňden bellenilýän bu baýramçylyk merdana halkymyzyň ähli ugurlarynda, şol sanda ykdysadyýetde, medeniýetde, sportda we beýleki durmuş-ykdysady ugurlarynda hem öňe gidişliklere, nurana geljege sary itergi güýç hökmünde giňden dabaralanýar. Türkmen halkynyň durmuşyna Nowruz baýramy gadymy döwürlerden bäri çuňdan ornaşypdyr. Muny türkmen halk döredijiliginiň, nusgawy edebiýatyň eserlerinde bu baýram bilen baglanyşykly däp-dessurlaryň bolmagy görkezýär.

      Nowruz baýramy bilen baglanyşykly dostluga, parahatçylyga çagyrýan öwüt-ündewler-de bar. Nowruz halk döredijiliginiň dürdäneleri bolan nakyllarda, atalar sözünde, yrymlarda hem öz beýanyny tapypdyr. «Nowruz gelse buz durmaz, halady geçen gyz durmaz», «Nowruzda ýagan ýagyş geçiniň şahyny ezse, hasyla garaş» diýen pähimleri bellemek bolar. Nowruz baýramy günlerinde türkmen gelin-gyzlary monjugatdy oýnapdyrlar,

      Nowruz geldi bu gije,

      Gyzlar atarlar bije.

      Kimiň bijesi çyksa

      Baýragy horaz jüýje.

      Türkmen halky gadymyýetden, tä şu güne çenli bu baýramy mukaddes baýram hökmünde, tebigatyň täzeden janlanýan, ýaşaýşa söýgüni dabaralandyrýan baýram hökmünde belläp gelipdir.

      Gadymy mirasymyzy, şöhratly taryhymyzy içgin öwrenmek we medeni, ruhy gymmatlyklarymyzy aýawly saklamak boýunça giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun, tutýan tutumly işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!

 

Ajap BAÝGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet

we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar