BÄSLEŞIGIŇ JEMI JEMLENDI

       Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyrymyzyň ähli arzuwlary wysal boldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyryň sarpasynyň belent tutulmagy, onuň döredijiliginiň dünýäde giňden wagyz edilmegi türkmen halkyny buýsandyrýar.

       Şunuň bilen baglylykda, şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň redaksiýasynyň, şeýle hem, TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde gurnamagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly dabaralara beslenip gelen Milli bahar baýramy – halkara Nowruz gününiň şowhunyny has-da artdyrmak maksady bilen, «Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Täsirli geçen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine TMÝG-niň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary, şeýle hem gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

       Çärede Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasy, şygyrlarynyň ähmiýeti, türkmen jemgyýetinde eýeleýän wajyp orny dogrusyndaky gyzykly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Didar GELDIÝEW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar