Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sporty ösdürmäge, dünýäde Watanymyzyň sport abraýyny artdyrjak ussat türgenleri taýýarlamaga uly üns berilýär. Bu bolsa, adamlaryň arasynda sporta söýgi döredip, sporty hemra edinmäge we onuň bilen meşgullanmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Çünki sport bilen yzygiderli meşgullanmak saglygyňy berkitmäge mümkinçilik berýär. Sport bilen meşgullanýan adamyň, erki taplanyp, işe ukyplylygy ýokarlanýar. Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýol açýar. Sport — sagdynlyk we gözellik. Saglyk, şadyýanlyk, sagdynlyk, bagtyýarlyk ýaly gymmatlyklar bolsa bir-birine özara baglydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şahsy göreldesine eýerip, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmaga höwesek türgenleriň, hem-de sportuň dürli görnüşlerine gyzyklanma bildirýän ýaşlaryň sanynyň gün-günden artmagy bolsa biz — ýaşlary diýseň begendirýär, buýandyrýar. Çünki munuň özi jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna, adamlaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine, sagdyn nesilleriň kemala gelmegine gönükdirilýän işleriň oňyn netijelere eýe bolýandygyny görkezýär. Ýurdumyzyň sport ulgamyny, ulgama dünýäniň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak, türkmen sportuny ösdürmek işleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Çünki Milli Liderimiz we hormatly Prezidentimiz sagdynlygyň girewi bolan sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketleriniň halkymyzyň jemgyýetçilik durmuşyna içgin ornaşmagy ugrunda yzygiderli aladalanýalar.
Gahryman Arkadagamyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz ähli ulgamlar bilen bir hatarda Türkmenistanda sporty halkara talaplaryna laýyk kämilleşdirmäge, sagdyn durmuşy wagyz etmäge, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, olimpiýa hereketini we ýokary derejedäki türkmen sportuny ösdürmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda, şäherlerinde, hat-da iň çetki obalarynda hem dünýä ölçeglerine laýyk gelýän köpugurly stadionlar, bedenterbiýe we sagyldyş toplumlary, aýlawlar we sport mekdepleri hereket edip, olarda ýaşlaryň köpsanlysy öz ussatlyklaryny artdyrýarlar. Bitarap ýurdumyzda milli we halkara derejesinde dürli sport ýaryşlary, beýleki sport çäreleri yzygiderli geçirilýär. Ýaş sport ussatlarymyz ýurdumyzyň ýygyndy toparlarynyň düzüminde iri halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelemek bilen, Garaşsyz Watanymyzyň Döwlet baýdagyny belentde parladýarlar.
Biz hem ýaşlar baradaky döwlet syýasatyndan ugur alyp, ussat türgenleriň, başarjaň ýaşlaryň kemala gelmegi ugrunda Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar guramasynyň işgärleriniň öňlerinde goýan wezipelerini üstünlikli amal etmek maksady bilen dürli sport ýaryşlaryny, bäsleşikleri yzygiderli guraýarys. Ýaňy-ýakynda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Garabekewül şäheriniň 6-njy sport mekdebinde kiçi futbol boýunça Saýat etrabynyň açyk birinjiligi ugrunda guran sport ýaryşlarymyz hem sporta höwesekleriň sanynyň barha artýandygyny görkezdi. Ýaryşa etrabymyzyň sport mekdepleriniň birnäçe futbol toparlary gatnaşyp, toparlaýyn duşuşyklary guradylar. Ýaryşlaryň umumy netijeleri boýunça Saýat etrabynyň «Ýaşlar» topary 1-nji, Garabekewül şäheriniň «Galkynyş» topary 2-nji we Garabekewül şäheriniň «Bedew» topary 3-nji baýrakly orunlara mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňjilerine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Biz ýaşlara okamaga, işlemäge, döretmäge, öz başarnyklarymyzy durmuşa ornaşdyrmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin!
Ogulnur ŞAPOLADOWA,
TMÝG-nyň Saýat etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.