Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda amala aşyrylýan işler dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Bu günki gün çagalaryň saglygyny goramak baradaky aladany döwletiň öz üstüne alýandygy we ony Türkmenistanyň Konstitusiýasy hem-de beýleki kanunçylyk namalary bilen berkidýändigi bizi diýseň guwandyrýar. «Ýaşlaryň zähmete bolan hukuklarynyň kepillikleri hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak hem wagyz etmek we çaga iýmiti önümlerine bildirilýän talaplar hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi ösüp gelýän ýaş nesil baradaky aladalaryň aýdyň subutnamasydyr.
Çagalar — biziň nurana geljegimiz, röwşen ertirlerimiz. Olaryň geljegi baradaky alada diňe bir ata-enäniň, maşgalanyň ykbaly bilen däl-de, eýsem, jemgyýetiň ösüşi, özgerişi bilen berk baglydyr. «Çagany ýaşdan, edebi başdan» diýen ata-babalarymyz perzentlerini ertekileriň, hüwdüleriň, nakyllaryň, matallaryň, milli oýunlaryň üsti bilen terbiýeläpdirler. Ýaşlaryň dünýägaraýşyna tymsallaryň, rowaýatlaryň, çeper eserleriň üsti bilen uly täsir edipdirler. Arkadagly Gahryman Serdarymyz çagalaryň saglygyny goramagy, olaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklaryny, hünär öwrenmeklerini üpjün etmäge aýratyn üns berýär. Her ýyl ýurdumyzda täze-täze mekdepler, çagalar baglary gurlup, ulanylmaga berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler oňyn miwesini berýär. Mekdep okuwçylarynyň we talyp ýaşlaryň bilim derejesiniň ýokarlanmagynyň netijesinde, diňe bir döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerinde däl, eýsem, halkara derejesinde geçirilýän olimpiadalarda, iri sport ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri hem guwandyryjydyr.
Biziň döwletimiz ÝUNISEF-iň «Çagalaryň hukuklary hakyndaky» Konwensiýasyny tassyklamak bilen BMG-nyň çagalaryň hukuklaryny goramaga dahylly resminamalarynyň birnäçesine goşuldy. Türkmenistan öz üstüne alan borçnamalarynyň esasynda ähli çagalaryň, şol sanda mümkinçilikleri çäkli çagalaryň hukuklarynyň doly goralmagyny üpjün edýär. Türkmen halkynyň milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çagalaryň saglygyny goramaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa durmuşa geçirilýär. Diýarymyzda çagalaryň sport bilen meşgullanmaklary, gowy dynç almaklary, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermekleri üçin täze sport mekdepleri we sagaldyş, dynç alyş merkezleri gurulýar. Orta mekdeplerdäki sport meýdançalaryň durky täzelenip, zerur enjamlar bilen üpjün edilýär. Munuň özi ýaş nesliň döwrebap bilim we hünär öwrenmeklerine giň mümkinçilik berýär.
Ýaş nesilleriň nurana geljegi hakynda alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli başlangyçlary mundan beýläk-de rowaç bolsun!
Arzuw RAHMANOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.