DIL BILEN DÜNÝÄNI AÇAR

      Türkmen halky hemişe-de ýaş nesilleriniň sowatly bolmagy, hünär öwrenmegi, şonuň bilen birlikde dil bilmegi babatda tagallasyny gaýgyrmandyr. Ýaşlary kämil şahsyýetler edip terbiýeläp ýetişdirmäge aýratyn üns gönükdiripdir. Halkymyzyň paýhas hazynasynda dil baýlygy, ony öwrenmegiň durmuşdaky uly ähmiýeti bilen bagly dürdäne sözler mynasyp orun eýeleýär. «Dil döwletdir», «Dil — aklyň açary», «Dilim bar — dünýäm bar» ýaly atalar sözleri hem munuň aýdyň mysalydyr. Bu parasatly jümleler ata-babalarymyzyň sözleýiş medenýetine, dil öwrenmek meselesine näderejede uly ähmiýet berendigini tassyklaýar. Il arasynda «Dil bilen dünýäni açar» diýen aýtgy hem ýörgünlidir. Elbetde, bu aýtgy birnäçe dili bilýän adamyň mümkinçilikleriniň çygrynyň hem şonça esse artýandygy bilen baglanyşyklydyr. Dil bilen her bir halkyň ruhy dünýäsine medeniýetine, umuman, ýaşaýyş-durmuş aýratynlyklaryna göz ýetirip bolýar. Şoňa görä-de, biz — ýaşlar ýurdumyzda döredilýän dil mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, dünýä dillerini ürç edip öwrenmelidiris, dil baýlygymyzy artdyrmalydyrys. Ýaşlar hakda edilýän bimöçber aladalar üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tükeniksiz alkyş aýdýarys.

 

Guwanç  ALLABERDIÝEW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň  Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar