On sekiz çagaly maşgalanyň nakgaşçylyk bilen gyzyklanýan iki ogly ýagny, Albert we Albreht çagalykdan sungat mekdebine gidip, meşhur suratkeş bolmaklygyň arzuwynda ýaşapdyrlar. Maşgalanyň eli ýukalygy sebäpli ikisiniň hem sungat mekdebinde okamagyna hiç hili mümkinçilik bolmandyr. Doganlar özara pikirlenip bije çekmeli, kime bije çyksa şol mekdepde okamaly, beýleki bolsa has köp işläp, gazanç edip doganynyň mekdebi tamamlamagyna ýardam etmeli diýen karara gelipdirler. Şowly bije Albrehte çykýar we sungat mekdebinde okap, mekdebi üstünlikli tamamlaýar. Ogullarynyň üstünligine begenen maşgala agzalary bu üstünligiň şanyna agşam saçagyny giňden ýazyp, ýürek buýsançlaryny beýan edýärler. Agşamyň ahyrynda bu şatlygyň sebäpkäri bolan Albreht bu üstünlikleri gazanmagyna ýardam eden jigisini okatmak isleginiň bardygyny buýsanç bilen dile getirdi. Ýöne onuň Albertiň zähmet çekýän döwründe barmaklarynyň birnäçe gezek döwülendigi we surat çekmeklig-ä däl, suwly bulgury hem zordan saklaýanlygyny eşidende bar arzuwlary puja çykdy. Bu hadysa juda gynanan suratkeş bütin dünýäniň “Dileg eden eller” diýip tanaýan meşhur eserini döretýär we bu eser ony dünýädäki meşhur suratkeşleriň sanawyna goşýar.
Terjime eden: Merjen NURMUHAMMEDOWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.