NOWRUZ GELDI ILIME

      Pasyllaryň soltany bolan bahar paslynyň gelmegi bilen, üýtgeşik bir janly tebigaty özünde jemleýän, daş-töweregimizi gurşap alan ösümlikleriň ählisi ýap-ýaşyl dona bürenip elwan gülleriň hem şol donuň ýüzüne keşde çekişini görmek bolýar. Baglaryň şahasyndaky guşlaryň biri-birinden galmajak bolup çykarýan jürküldi sesleri göýä bahar paslynyň gelendigini habar berýän jaň sesi bolup eşidilýär. Bu ajaýyp paslyň gelmegi adamlarda ýylgyryş, bagt, söýgi döredýär. Garlary eredip, gyzaryp çykan gün şöhlesi bahar paslynyň gözelligini äleme çaýýar. Her bir pasylyň özboluşly gözelligi bardyr, ýöne bahar paslynyň gözelligine taý geljek gözellik ýokdur. Asmandan inýän ýagyş damjalary adamlaryň göwünlerini galkyndyrýar hem-de goja zemine rysgal-bereket paýlaýar. Ýagşyň diňmegi bilen asmanda döreýän sary, mawy, gyrmyzy we ýenede şuňa meňzeş reňkli ýarym tegelek älemgoşary gören adamlar haýran galýar. Bu gözel tebigatly owadan pasyl özüniň tämiz, ýakymly ýumşak we ajaýyp howasy bilen dünýämize, ýüreklerimize aralaşýar.

      Bahar paslynda ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen we halkara derejesine eýe bolan iň gadymy baýramlaryň biri – Nowruz baýramy hem bellenilýär. Bu baýramda adatça mährem ene-mamalarymyz hem-de gelin-gyzlarymyz tarapyndan her kimiň söýgüli tagamy bolan semene bişirilip, ony garyndaşlara, goňşulara we myhmanlara hödür edilýär. Semene çagalaryň hem her ýylda sabyrsyzlyk bilen garaşyp iýýän söýgüli tagamlarynyň biridir. Semene nowruz baýramçylygyndan başlap ýaz aýlarynyň ortalaryna çenli taýýarlanýan tagamlaryň biridir. Semene taýýarlanylanda bugdaý dänelerini arassalap, arassalanylan dänäni tekiz ýerik ýaýradylýar, soňra bolsa arassa örtük bilen ýüzi örtülýär we şol örtük örtülen däne gögerýänçä 4-5 günläp suw sepilýär, bellenilen güniň dowamynda däne gowy gögerenden soň bolsa üwelip krahmal suwuklygy alynýar, alynan krahmal suwuklygynyň üstüne un goşulup garylýar, soňra gazanda gyzyp duran ýagyň üstüne goşulýar we iki gün üznüksiz garylmagy dowam etdirilýär. Iki gün garylyp taýýar bolan semenämiziň hiç hili tagamy dadylman gazanyň gapagy ýapylýar we 5-6 sagat semene demine goýulýar. Taýýar bolan semene baýramçylyk saçagyna goýulyp, dost-ýarlara, goňşy-golamlara dadyrylýar. Goý, bu ýylky gelen Nowruz öz ýylylygy, mylaýymlygy we owadanlygy bilen her bir türkmen halkyna rysgal-bereket, babadaýhanlarymyza bol hasyl getirsin! Türkmen döwletiniň asudalygyny, abadançylygyny ähli zatlardan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il bähbitli ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

 

Jeren HAMEDOWA,

«Türkmendemirýollary» agentliginiň Magtymguly adyndaky

ilkinji Ýaşlar guramasynyň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar