Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary we giň gerimli özgertmeleri esasynda köpçülikleýin bedenterbiýe, sagdyn-durmuş we sport hereketleri indi watandaşlarymyzyň durmuşyna ykjam ornaşdy. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda ýokary derejeli milli sporty ösdürmek, ýaşlary sporta köpçülikleýin çekmek, olaryň ussatlyklaryny we kämilliklerini artdyrmak maksady bilen geçirilýän dürli çärelere ildeşlerimiz işjeň gatnaşýarlar. Türkmenistanda bedenterbiýäniň we sportuň ösüşini goldamak ugrundaky tagallalaryň netijesinde ýokary derejeli türgenleri taýýarlamaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreler hem üstünlikli amala aşyrylýar. Diňe bir etrap-şäherlerimizde döwrebap sport toplumlary gurlup ulanylmaga berilmän, eýsem, bilim we terbiýeçilik edaralarynyň, sagaldyş we sport toplumlarynyň dünýäniň iň kämil sport enjamlary bilen üpjün edilmegi berk bedenli, ruhubelent, sagdyn ruhly, başarjaň ýaşlaryň kemala gelmeginde giň mümkinçilikleri açýar. Şonuň ýaly-da bu sport desgalary milli sportumyzyň täze ösüşleriniň mäkäm binýady bolup hem hyzmat edýär.
Sport bilen meşgullanmagyň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagy bilen jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleri-de berkarar edilýär. Bu gün sport jemgyýetimizde islendik ýaşdaky watandaşlarymyzyň gündelik hemrasyna öwrüldi. Ýurdumyzda iri sport baýramçylyklarynyň birnäçesiniň geçirilmegi Watanymyzyň dünýäde sport ýurdy hökmünde tanalmagyna getirdi. Geçirilýän yklym ýaryşlarynda biziň welaýatymyzyň türgenleri hem üstünlikli çykyş edip, Watanymyzyň sport abraýyny belende galdyrýarlar. Uly üstünlikleri bilen Watana şan getirýän türgenlerimiziň Şa serpaýlary bilen sylaglanylmagy olaryň hyjuwyny has-da artdyrýar. Etrap-şäherlerimizde halkyň hyzmatyna berlen sport desgalarynda ussatlyklaryny artdyrýan ýaşlarymyzyň sanynyň hem gün-günden artýandygyny aýtmak gerek.
Sport bilen meşgullanmak adamda tertip-düzgünliligi, fiziki we akyl işjeňligini, maksadaokgunlylygy kemala getirip, durmuşda üstünlik gazanmaga ýardam edýär. Bu peýdaly endikler adamyň diňe bir fiziki işjeňligine däl, eýsem, aň-pikirine, ruhubelentligine hem oňyn täsir edýär. Şol sanda köpçülikleýin bedenterbiýe hereketleri raýatlaryň iş öndürijiligini ýokarlandyrmaga hem giň mümkinçilikleri açýar. Sport sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde we watansöýüjüligiň kämil nusgasyny kemala getirmekde hem uly ähmiýete eýedir.
Türkmen ýaşlaryna ýokary derejede bilim almaga, beden taýdan kämil ynsanlar bolup ýetişmeklerine giň mümkinçilikleri döredip berýän, bu babatda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
Döwran HEMRAÝEW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.