BAG EKMEKLIK — SOGAP IŞ

      Bahar pasly, garly gyşdan soň zemini ukydan oýaryp, jan berýär-de ilki bilen gül pürçege, soňra bolsa ýaşyl dona büreýär. Bu ajaýyp görnüş ynsany öz erkine goýmaýar. Çünki tebigatyň bu ajaýyp gözelliginden her bir ynsan özboluşly lezzet alýar. Tebigat ynsany öz sallançagynda üwräp öz goýnunda kemlala getirýär. Tebigatyň bu gözelliginiň täsiri, lezzeti başga. Şonda ene topragy gülzarlyga öwürmäge höwesiň, topragy keramat saýylýan eziz Watanyňa bolan söýgiň has-da artýar. Şeýle bolansoň her bir adam tebigaty goraýar we baýlaşdyrýar. Ýurdumyzyň täsin gözel tebigatyny goramak hem-de ony asyl durkunda geljekki nesillere miras goýmak, ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny durnukly üpjün etmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, ilatymyzyň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmek meselesine aýratyn uly ähmiýet berilýär.

        Gahryman Arkadagymyz: «Tebigata bolan söýgi türkmen halkynyň durmuşynyň däp-dessurlarynyň we medeniýetiniň içinden eriş argaç bolup geçýär. Mähriban Watanymyzyň gözel tebigatyna aý awly çemeleşmek, ony goramak ýörelgeleri halkymyzyň aňyna ornaşyp, ekologiýa meselelerini oňyn çözmegiň özboluşly tärlerini kemala getiripdir. Halkymyzyň bu ynsanperwer ýörelgeleri häzirki döwürde has-da ösdürilýär» diýip belleýär. Agaç ekmek işiniň hem-de şu maksat bilen ählihalk ýowaryny geçirmegiň ýurdumyzda asylly däbe öwrülendigini bellemek has-da buýsançlydyr. Şonuň netijesinde eziz Watanymyz bagy-bossanlyga bürenýär. Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bu asylly işe ähli ýerde uludan taýýarlyk görülýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy bagy–bossanlyga öwürmek boýunça başlangyjy watandaşlarymyzyň esasan hem biz ýaşlaryň giň goldawyna eýe bolýar. Her ýyl ýurdumyzda ählihalk ýowarlary guramaçylykly geçirilip, dürli agaç nahallarynyň müňlerçesi oturdylýar. Bag ekiljek ýerleriniň tekizlemek, olary suwarmak işleri guramaçylykly geçirilýär. Agaç nahallarynyň ekiljek ýerleriniň toprak-howa şertlerine laýyk görnüşleri saýlanylýar. Bag ekmek işlerine köpçülik bolup gatnaşylmagy bolsa, tebigata bolan söýgini nesilden-nesle geçirmek ýagşy işleriň üsti bilen ýaşlary terbiýelemäge uly täsir edýär, il-günüň agzybirligini, jebisligini dabaralandyrýar. Diýarymyzda ýazky we güýzki bag ekişlik möwsümi ählihalk ýowary bilen utgaşyp gidýär.Arkadagly Gahryman Serdarymyz her ýyl geçirilýän ählihalk ýowaryna gatnaşyp ilkinji bag nahalyny özi ekip berýär we bag ekmek ýaly sogaply işiň başyny başlaýar. Hormatly Prezidentimiziň bu beýik göreldesine eýerýän ildeşlerimiz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bu iş köpçülikleýin häsiýete eýerip, her ýyl millionlarça düýp bag nahallarynyň oturdylmagyny gazanýarlar. Ýurdumyzyň ähli künjeginde bag nahallaryny oturtmak, öňden bar bolan baglaryň düýbüni ýumşadyp, suwarmak ýaly işlere ýaşlar işjeňlik bilen gatnaşýarlar. Bag ekmek we öň ekilen baglara ideg etmek boýunça nobatdaky ählihalk ýowary zähmet baýramçylygyna öwrülýär. Ruhubelentlikde geçirilýän ählihalk ýowaryna ähli raýatlaryň işjeňlik bilen gatnaşmaklary örän buýsandyryjydyr. Munuň özi agzybirligiň we rowaçlygyň gözbaşydyr. Biz ýaşlar geljekde hem Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy has-da ösdürmek ugrunda alyp barýan ýörelgelerine eýerip ykdysadyýetimiziň mundan beýläk hem pugtalanmagyna özümiziň mynasyp goşandymyzy goşarys.

    Halkymyzyň her bir günini täze ýagty nurlara, täze ýeňişlere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun , döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýärin.

 

Dursunjemal SARYÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Dänew etrap

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar