Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli «Adalat» gazetiniň redaksiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda döredijilik bilen meşgullanýan ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynda işleýän ýaş hünärmenleriň, hukuk hünäri boýunça okaýan talyp ýaşlaryň arasynda geçiriljek «Jan Watanym Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşiginiň
DÜZGÜNNAMASY
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen geçýän ýylyň her güni belent sepgitlere beslenýär. Hormatly Prezidentimiz ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli, watansöýüji, ruhubelent, ýokary ahlakly bolup kemala gelmekleri hem-de milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy, ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdiriji ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin yzygiderli tagallalar edýär. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Ýaşlar eziz Watanymyzyň güýç-kuwwatyny, mümkinçiliklerini, at-abraýyny we beýik geljegini özünde jemleýär. Şoňa görä-de, jemgyýetçilik guramalarynyň, aýratyn-da, Ýaşlar guramasynyň tagallalary ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, olaryň arasynda ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy, milli dessurlarymyzy wagyz etmäge gönükdirilmelidir» diýip belleýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar hakyndaky ajaýyp başlangyçlaryndan ugur alyp, «Adalat» gazetiniň redaksiýasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilelikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Watanymyzda gazanylýan üstünlikleri giňden wagyz etmek, ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynda işleýän ýaş hünärmenleriň, hukuk hünäri boýunça okaýan talyplaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak we olaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmek hem-de döredijilik gözleglerine we üstünliklere ruhlandyrmak maksady bilen «Jan Watanym Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşigiň şertleri we geçiş tertibi:
1. Bäsleşige ýaşy 35-e çenli bolan raýatlar gatnaşyp bilerler.
2. Bäsleşige şu ugurlardaky döredijilik işleri kabul edilýär:
— Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işleriniň netijesinde ýurdumyzyň gazanan ösüşlerini, kanunçylygymyzdaky özgertmeleri wasp edýän şygyrlar, poemalar;
— milli ýörelgelerimiziň, däp-dessurlarymyzyň, kanunçylygymyzyň ähmiýetini wagyz edýän hekaýalar, nowellalar, liriki oýlanmalar w.şm;
— Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt, umumadamzat ähmiýetli beýik işlerini, kanunçylygymyzy wagyz edýän dürli žanrdaky (publisistik, çeper publisistik) makalalar, oçerkler;
— Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky adalatlylyk, pähim-paýhas, döwletlilik ýörelgeleriniň milli kanunçylygymyzdaky şöhlelendirilişini beýan edýän dürli žanrdaky çykyşlar:
— hukuk temasynda düzülen kraswordlar.
— ýurdumyzyň ösüşlerini wagyz edýän fotokollažlar, çekilen surat eserleri;
3. Bäsleşige gelip gowşan eserlere emin agzalary baha berýärler.
4. Bäsleşige hödürlenilýän eserler «Jan Watanym Türkmenistan» döredijilik bäsleşigine diýen bellik bilen «Adalat» gazetiniň redaksiýasyna iberilýär.
5. Emin agzalary tarapyndan mynasyp hasaplanan eserleri «Adalat» gazetinde çap etmek göz öňünde tutulýar.
6. Bäsleşik Düzgünnama gazetde çap edilen gününden başlaýar. Ol hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli sentýabr aýynda jemlener.
7. Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.
Bäsleşige hödürlenýän işleri şu salga ibermeli: Aşgabat şäheri, 744604, Garaşsyzlyk şaýoly, Erkin döredijilik mekany, «Adalat» gazetiniň redaksiýasy.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
«Adalat» gazetiniň redaksiýasy: 38-62-50;
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-89-99;