GÜL DIÝARA BAHAR GELDI

     Milli Bahar baýramy – Halkara Nowruz güni kalbymyzy heýjana salyp, göwünlerimize ganat berýär. Çünki bu ajaýyp baýramyň ruhunda hoşniýetli gatnaşyklaryň, birek-birege hormat-sarpanyň, arkalaşygyň taryhy däpleri, nesillerimizi watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek, şöhratly geçmişimize, şu günümize buýsanjy, geljegimize beýik ynamy jemlenendir. Ýurdumyzyň ähli künjeginde Milli bahar baýramy uludan bellenilýär.

     Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda guralan aýdym-sazly dabara baýramçylyk gününe bagyşlandy. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli «Gül Diýara bahar geldi» ady bilen geçirilen bu çäre uly ruhubelentlige beslendi.

     Baýramçylyk dabarasynda institutyň «Kuwwat» aýdym-saz we tans toparynyň bagtyýar talyp ýaşlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlarynda türkmen halkymyzyň milli däp-dessurlary giňden wasp edildi. Şeýle-de baýramçylyk dabarasynyň geçirilýän ýerinde gurlan altyganat ak öýi, türkmeniň milli tagamlaryny taýýarlamak üçin ir säherde atarylan toý gazanlarydyr oýnalan milli oýunlar bu gadymy baýramçylygyň özboluşlylygyny has-da artdyrdy.

 

Bägül TÖRÄÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Öňki makala

EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY

Indiki makala

KÖNEÜRGENJIŇ TARYHY

Meňzeş habarlar