Köneürgenç – türkmen taryhynyň ajaýyp dürdänesi. Onuň gurluş aýratynlygy binagärlik usullarynyň gaýtalanmajak sazlaşygyny, çeperçiligini, reňkleriniň durulygyny, ýitiligini özünde jemleýär.
Köneürgenç topragy türkmen halkynyň we bütindünýäniň deňsiz—taýsyz medeni mirasynyň ajaýyp nusgalaryny özünde jemleýän mesgen. Onuň ýadygärliklerini geljekki nesiller üçin gorap saklamak, wagyz etmek, dünýäniň ähli halklarynyň möhüm wezipesidir.
Ata-babalarymyzdan miras galan taryhy we medeni ýadygärlikleri giňişleýin öwrenmegiň, olary abat saklamagyň we geljekki nesillere ýetirmegiň, täze tapylan tapyndylaryň we çeşmeleriň dünýä ýaýradylmagynyň örän wajyp ähmiýeti bar. Aşgabatdan 480 km demirgazykda, Amyderýanyň gadymy akymynyň golaýynda, iki sany möhüm kerwen ýollarynyň kesişýän ýerinde: gündogara, Hytaýa, demirgazyk-günbatara, Wolga derýasyna çenli aralykda Köneürgenç döwleti ýerleşipdir. Onuň döredilen senesi näbelli emma gadymy Kyrkmolla galasynyň galyndylary antik eýýamyna (biziň e.öňki II-V asyrlar) degişlidir. VIII asyryň ortalarynda şäher araplaryň golastyna geçýär we Gürgenç diýip atlandyrylýar. X asyrda Amyderýanyň sag kenarynda Samanileriň hökümdarlary demirgazyk Horezm döwletini Ürgenç emirligi diýip yglan edýärler. Ürgenç gadymy Horezm döwletiniň paýtagty hökmünde-de, öz ösen medeniýetini, ylmy, sungaty bilen-de has irki döwürlerden bäri meşhurlyk gazanyp gelipdir. Dürli sebäplere görä paýtagt bu ýerden göçürilýär. Başga ýerden täze şäher salnyp, oňa hem Ürgenç diýip at goýýarlar. Ilki Ürgenç bolansoň, muňa «öňki, gadymy» manysynda «Köneürgenç» diýip at goýupdyrlar.
XII we XIII asyryň başlarynda Merkezi Aziýanyň şäherleriniň köpüsinden ilatynyň sanynyň köplügi bilen meşhurlygy boýunça Ürgenjiň gülläp ösen döwri bolupdyr. Gündogaryň beýik akyldarlary Awisenna, Al-Biruny, Ibn-Battut bu ýerde ýaşapdyrlar. Döwlete «Yslamyň ýüregi» diýip at beripdirler. 1221-nji ýylda Çingiz hana garşy göreşde mongollar tarapyndan derbi-dagyn edilýär. Soňra bolsa 1359-njy ýylda Gyzylorda hanlyk ulgamynda garaşsyz bolmany başarypdyrlar. XIV asyryň birinji ýarymynda şäheriň gülläp ösmegine ýerli hökümdar Gutlug Temiriň aýaly Törebeg hanyma aýratyn orun degişlidir. Şäher nobatdaky weýrançylyga 1388-nji ýylda Amir Temiriň basybalyjykly ýörişi wagtynda sezewar bolupdyr. XVI asyrda bolsa Amyderýanyň öz akymyny demirgazyga üýtgetmegi şäheriň ýaşaýjylaryny bu ýeri taşlap gitmäge borçly edipdir. 1646-njy ýylda häzirki Özbegistanyň çäklerinde täze Ürgenjiň gurulmagy netijesinde öňki Ürgenç Köneürgenç adyny alypdyr.
Köneürgenç şäheri Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmek bilen, baý taryhy, gadymy ýadygärlikleri, dürli döwürlere degişli eksponatlary, özboluşly milli mirasy bilen uzak ýyllardan bäri dünýä döwletleriniň alymlaryny, taryhşynaslaryny hem-de arheologlaryny gyzyklandyryp gelýär. Hytaý taryhçylary işlerinde: «Köneürgenç şol döwrüň uly ylmy we ykdysady merkezi bolupdyr» – diýip tassyklaýarlar.
Gülnur REJEPOWA,
«Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet
goraghanasynyň hünärmeni.