NOWRUZ GELDI ÜLKÄME

     Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni toý-baýramlara, şanly senelere beslenýär. Ine, şol ajaýyp baýramlaryň biri hem bahar paslynyň ajaýyp günlerinde bellenilýän Nowruz baýramydyr. Nowruz baýramy – türkmeniň milli baýramy, ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän däp-dessurlarymyzyň biri.

     «Nowruz» pars sözi bolup, türkmençe «Täze gün» diýen manyny aňladýar. Gadym döwürlerden bäri Täze ýylyň birinji güni hökmünde Nowruz baýramy bellenipdir. Şol gün gije bilen gündiziň deňleşýän güni hasaplanýar.

     Mydama ýagşy niýeti özüne ýaran edinen halkymyz Nowruz baýramyny agzybirligiň, dostlugyň, bagtyň nyşany hasaplaýar. Nowruz ýagşylygy, sahylygy, berekedi, bagty, abadançylygy we eşretli ýaşaýşy alamatlandyrýar. Nowruz gününde biz birek-birege parahatçylygy, doganlygy arzuwlaýarys.

     Nowruz baýramy Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem täze many-mazmuna eýe boldy. Nowruz baýramynyň umumadamzat medeniýetiniň hazynasynda hem tutýan orny uludyr. 2009-njy ýylda maddy däl medeni miras hakyndaky Konwensiýany tassyklan ýurtlaryň başlangyçlary boýunça maddy däl medeni mirasyň 76 sany dünýä ähmiýetli sanawynyň hatarynda Nowruz baýramy hem ÝUNESKO-nyň halkara sanawyna goşuldy hem-de bu baýramy gorap saklamak we belläp geçmek boýunça ýörite Kararnama kabul edildi. 2010-njy ýylda bolsa, BMG-niň geçiren 64-nji Baş Maslahatynyň barşynda Nowruzy Halkara baýramy diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýa kabul edildi. Nowruz baýramy halklaryň arasynda parahatçylygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidýän, däp-dessurlarymyzy dünýä ýaýýan baýramdyr.

     Halkymyzyň eşretli, bolelin, parahat durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan döwletli tutumlary elmydama rowaç alsyn!

 

Şamyrat PIRMÄDOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Köneürgenç etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Öňki makala

KÖNEÜRGENJIŇ TARYHY

Indiki makala

ÝERDE NOWRUZ HORMATY

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 2186 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4852 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY