ÝERDE NOWRUZ HORMATY

     «Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylymyz ilki günlerinden başlap, ady bilen baglanyşyklylykda, beýik akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralara, dürli medeni çärelere beslenmek bilen, dowam edýär. Diňe bir biziň döwletimizde däl, eýsem goňşy Özbegistan döwletinde, Türkiýe döwletinde Magtymguly atamyzyň ömri-döredijiligi bilen baglanyşykly medeni çäreler halkara derejesinde giňden bellenilýär.

     Ata Watanymyzda diňe bir Magtymguly atamyzyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler däl, beýleki baýramçylyklar, şanly seneler hem halkymyzyň milli äheňlerine mahsus görnüşdäki öwüşginler çaýylyp, ýokary derejede bellenilýär. Bahar paslynyň ilkinji aýy bolan mart aýynyň birinji ongünlüginde ýurdumyzda Halkara Zenanlar güni giňden bellenilip geçilen bolsa, bu aýda agzybir hem-de zähmetkeş türkmen halkymyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna jebisleşip, ýene-de bir baýramçylygy – Milli bahar baýramyny belleýär. Külli musulman dünýäsinde Täze ýyl baýramçylygy hökmünde bellenilýän Nowruz baýramçylygy biziň ýurdumyzda-da asyrlaryň dowamynda bellenilip gelip, häzirki günlerimizde hem halkymyzyň milli ýörelgeleriniň biri hökmünde mynasyp derejede dowam etdirilýär.

     Nowruz baýramçylygy dogrusynda, bu baýramyň aýratynlyklary barada Magtymguly atamyzyň goşgularynda hem duşmak bolýar. Akyldar şahyr «Duman peýda» diýen şygrynda:

 

Gelse nowruz äleme reň kylar jahan peýda,

Ebirler awaz urup, dag kylar duman peýda

 

     - diýmek bilen, Nowruz baýramynyň gelmegi netijesinde, topraga ýyly girip, oýanyp, tebigatyň, tutuş älem-jahanyň al-ýaşyl reňklere bürenýändigini nygtaýar. Bu ýagdaýyň hem halk arasynda baýramçylyk hökmünde bellemek, ýylyň rysgal-bereketli gelmegini dileg etmek, Täze ýyly ýagşy arzuw-umytlar bilen garşylamak asylly däbe öwrülipdir.

     Şeýle hem akyldar şahyryň «Jan içinde» diýen şygrynda bu görnüş:

 

Ýedi ýer bolmuş bina

Her zat okyr bir sena

     Otlar hem diýr “rebbena!”

Nowruz baran içinde

 

     - diýlip beýan edilmek bilen, Nowruz gelende ähli ot-çöplere, ösümliklere jan girip, täze ýaşaýşyň, täzelenişiň başlanýandygy, Nowruzyň tebigat bilen adamzadyň arasyndaky sazlaşygyň, ysnyşygyň baýramydygy barada habar berilýär.

     Türkmen halkymyzyň milli ýörelgelerini, asylly däp-dessurlaryny, ata-babalarymyzdan miras hökmünde geçip gelýän baýramçylyklarymyzyň biri bolan Nowruz baýramyny giňden belläp geçmeklige giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli ildeşlerimizi Milli Bahar baýramy – Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

 

Mährijemal ATABAÝEWA,

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň

63-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Öňki makala

NOWRUZ GELDI ÜLKÄME

Indiki makala

NOWRUZ GELDI ÄLEME...

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY