NOWRUZ GELDI ÄLEME...

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli künjeklerinde köküni taryhyň çuňluklaryndan alyp gaýdýan Nowruz baýramy halkymyz tarapyndan giňden bellenilýär. Nowruzda türkmen milli tagamlary, ýagny semeni, süýtli aş, şüle, mäş, köje we ýarma bişirilýär. Şolaryň biri hem, Äşe-Patmanyň aşy hasaplanýan semenidir. Semeni bişirmek üçin, ilki bugdaýy gögerdip, ýaňy şineläp ugranda, ony döwüp, şire suwuny alýarlar. Soňra çalasyn zenanlarymyz işe girişýärler:

 

-Getiriberiň, balalam,

Gazan bilen ojagy.

Közi güýçli bolar ýaly

Alyp gaýdyň ojary.

 

     Şeýdip, semeni aşyny degişmedir aýdym-saz bilen taýýarlapdyrlar. Agzybirligiň, gowulygyň nyşany hökmünde:

 

Alyň, alyň, iýip görüň,

Dadyp görüň semeni.

Bibileriň sogaby degsin

Şu tagamdan iýene.

 

     - diýip, dili senaly käbelerimiz elli semeni okaraly çagany oba arasyna, goňşulara ugradýarlar. Milli bahar baýramynda toý saçaklary giňden ýazylyp, toý dabaralary ýurdumyz boýunça giňden tutulýar.

     Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, mähriban halkymyzy Milli Bahar baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Bize milli toý-baýramlarymyzy giňden bellemäge ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun !

 

Gülşat GYLYJOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 2186 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4852 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY