BAGTYÝAR DÖWRÜŇ BAGTLY ÇAGALARY

     Berkarar dӧwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy dӧwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli ýokarlandyrylýar. Şunda ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn kemala gelmegi, dӧredijilikli zähmet çekmegi, medeniýetli dynç almagy üçin giň mümkinçilikleriň, oňaýly şertleriň dӧredilýändigini aýratyn bellemek bolar.

     Ýurdumyzda dünýä standartlaryna laýyk gelýän medeni we söwda dynç alyş merkezleriniň açylyp ulanmaga berilmegi biz ýaşlary diýseň begendirýär, döredijilikli zähmete ruhlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli gaznanyň hemaýat berýän çagalarynyň, Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça geçirilen halkara olimpiada-da ýeňiji bolan okuwçylaryň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň çagalarynyň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin paýtagtymyzdaky täze gurlup ulanmaga berlen «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde medeni-dynç alyş çäreleri gurnaldy. Çagalar üçin örän ýakymly täsirleri özünde jemlän bu medeni çärede bagtyýar çagalaryň şadyýan gülki seslerini eşitmek bolýar. Olaryň her biriniň dillerinde Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyş sözlerini ýaňlanýar.

     Biz ýaşlaryň okamagy, bagtyýar zamananyň goýnunda halal zähmet çekmegi, asuda Watanymyzda rahat dynç almagy üçin şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun. Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan beýik işleri elmydama üstünliklere beslensin.

Selbi ATAJANOWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Halkara

hyzmatdaşlygy bölüminiň esasy hünärmeni.