TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ MASLAHATY

     Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň bäşinji maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe möhüm kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryna garaldy hem-de kabul edildi.

     Maslahata birnäçe degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşmaga çagyryldy.

     Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, deputatlar energiýanyň tygşytlanylmagyny höweslendirmegiň we energiýadan peýdalanylmagynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň hukuk, ykdysady hem-de guramaçylyk esaslaryny belleýän «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek maksadу bilen, bu ugurda energiýa taýdan netijeli tehnologiýalaryň ulanylmagy we Türkmenistanda energetiki menejmentiň ornaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar. Munuň özi milli ykdysadyýetiň mundan beýläk hem ösdürilmegine ýardam eder, şeýle hem geljekki nesillerimiziň energiýa serişdelerinden uzak ýyllaryň dowamynda netijeli peýdalanmagyna mümkinçilik döreder.

     «Gidrometeorologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garalanda netijeli pikir alyşmalar boldy. Çykyş edenleriň pikirine görä, bu resminamanyň kabul edilmegi döwlet häkimiýet edaralaryna, ýuridik we fiziki şahslara gidrometeorologiýa işi we daşky gurşawyň ýagdaýy barada anyk maglumatlar berlende düzgünleşdirmegiň hukuk esaslaryny kesgitlemäge hyzmat eder.

     Mundan başga-da, Kanun taslamasynda gidrometeorologiýa ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak, gidrometeorologiýa işini maliýeleşdirmek we halkara hyzmatdaşlyk baradaky kadalar göz öňünde tutuldy. Resminamada gidrometeorologiýa gözegçiliginiň döwlet ulgamy kesgitlenilýär.

     «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garalanda parlamentariler bu resminamanyň özara bähbitlilik esasynda iki ýurduň arasynda halkara awtomobil ýolagçy hem-de ýük daşamalaryny, şeýle hem ýurtlaryň çäkleriniň üsti bilen amala aşyrylýan üstaşyr daşamalary düzgünleşdirýändigini bellediler.

     Maslahatyň gün tertibinde «Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», şeýle hem «Weterinariýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunуnа üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Kanunlaryň taslamalaryna garaldy.

     Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, bu kanunçylyk namalary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirildi. Bu işleriň amala aşyrylmagy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegine, şeýle hem ugurdaş ulgamlaryň döwrebaplaşdyrylmagy üçin hukuk mümkinçilikleriniň giňeldilmegine gönükdirilendir.

     Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

     Maslahatyň ahyrynda deputatlar kabul edilen kanunçylyk namalarynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda dürli ulgamlaryň depginli ösüşine gönükdirilen giň gerimli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin amatly şertleri üpjün etjekdigine ynam bildirdiler.

 

turkmenistan.gov.tm