GADYMY ÄNEW – DÜNÝÄ MEDENIÝETINIŇ GYMMATLY MIRASY

     Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň bu eseri gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlanýar.

     Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eseriniň halkymyzyň şöhratly taryhyny hem-de baý medeni mirasyny öwrenmekde, giňden wagyz etmekde uly ähmiýete eýedigini hem-de mazmunynyň maglumatlara baýdygyny, olaryň çeper we düşnükli dilde beýan edilýändigini nygtadylar.

     Bu kitabyň Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylda neşir edilmegi watandaşlarymyz üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgat boldy.

     Hormatly Prezidentimiz kitabynda: «Bilýäniňi paýlaşdygyňça, bilelikde baýlaşýarsyň» diýip belleýär. Gadymy Änew adamzat taryhyndaky möhüm merkezleriň biridir. Änew şäheri diňe taryhy bilen däl, eýsem, şu günki ajaýyplygy we uzak geljege gönügen ösüşli beýik maksatlary bilenem dünýäniň ünsüni özüne çekýär.

     Şeýle-de, tanyşdyrylyş dabarasynyň çäklerinde türkmen halkynyň gadymy hem-de baý taryhyny, milli mirasyny, medeniýeti, sungatyny aýdyň görkezýän sergi gurnaldy.

     Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar bu kitabyň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde, täze bilimleri öwrenmäge höweslendirmekde, ildeşlerimizi zähmet ýeňişlerine ruhlandyrmakda gymmatly gollanma boljakdygyny belläp, baý milli mirasymyzyň çuňňur öwrenilmegi, dünýäde wagyz edilmegi hem-de geljek nesillere ýetirilmegi babatda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Begmuhammet MEREDOW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň Sanly ulgam we

maglumat howpsuzlygy bölüminiň müdiri.