TÜRKMENISTANYŇ INSTITUTY BINAGÄRLIK SUNGATYNA BAGYŞLANAN HALKARA MASLAHATA GATNAŞMAGA ÇAGYRÝAR

    Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 4-5-nji iýunda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesiniň baýram edilmegine bagyşlanyp, «Binagärlik — gurluşykda beýan edilen sungat» atly halkara ylmy-maslahat geçirer. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

    Habarda bellenilişi ýaly, maslahaty utgaşykly görnüşde geçirmek bellenildi. Oňa gatnaşmaga Türkmenistanyň hem-de daşary döwletleriň ylmy merkezleriniň, edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri çagyrylýar.

    Halkara maslahatyň maksady ýaş hünärmenleri täze ylmy we döredijilik başlangyçlaryna çekmekden, ýaşlaryň taslamalar döredilende özboluşly täzeçillik pikirlerini hem-de çözgütlerini amala aşyrmaga ymtylmalaryny ösdürmekden ybaratdyr.

turkmenportal.com

Meňzeş habarlar