SAGLYK – BAHASYNA ÝETIP BOLMAJAK BAÝLYK

    Saglyk — bagtyýarlygyň hem ösüşiň esasy, rowaçlyklaryň, üstünlikleriň gözbaşy. Şonuň üçinem watandaşlarymyzyň her biri «Sagdyn bedende sagdyn ruh», «Jany sagyň — göwni çag» ýaly pähimlere eýerip, sagdyn durmuşda ýaşamaga ymtylýarlar. Ýurdumyzda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga uly mümkinçilikleriň döredilmegi halkymyzyň saglyk ýagdaýynyň gowulanmagyna, ýaş nesilleriň ruhy we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmegine oňyn täsir edýär.

    Jemgyýetdäki gatnaşyklarda adamlaryň aň-düşünjesi näçe giň, ahlak ýörelgeleri arassa, ynam-ygtykatlary sagdyn boldugyça, olaryň jemgyýetde hukuk gatnaşyklary kämil bolýar. Şu nukdaýnazardan, birek-birege sylag-hormat goýmak, agzybirlik, adalatlylyk, dogruçyllyk, lebze wepalylyk ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa öz gezeginde tutuş jemgyýetiň aňyýetiniň sagdyn, kämil bolmagyna getirýär. Jebislik, agzybirlik, adalatlylyk, ynsanperwerlik höküm sürýän jemgyýetde şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň arasynda sazlaşykly ösüş gazanylýar. Bu sazlaşyk, jebislik bolsa dünýä bileleşiginiň beýleki jemgyýetlerine özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

    Hereket sagdynlygyň gözbaşy hasaplanylýar. Saglyk – bahasyna ýetip bolmajak baýlyk. Saglyk – ýaşaýyş. Ýaşaýyşy bolsa, hereketsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Şonuň üçin her bir adam ýaşyna garamazdan hereketde bolmaly. Hereketiň adam bedenini taplamakda, berkitmekde ähmiýeti uludyr.

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bilen baglylykda, eziz Watanymyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Eziz Diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çärelerini ýaýbaňlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap sport desgalarynyň ulanylmaga berilmegi we syýahatçylyk-medeni dynç alyş zolaklarynyň barha artmagy raýatlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, olary köpçülikleýin sport çärelerine çekmäge zerur şertleri döretdi. Gurlan döwrebap sport toplumlary häzirki döwürde welaýat we etrap merkezleriniň bezegine öwrüldi. Häzirki wagtda Diýarymyzda welosiped sportuna aýratyn üns berilýär. Adam bedenine peýdaly hereketleriň biri hem welosiped sürmekdir. Bu babatda ýaşlara wagyz edilýär we olarda sporta bolan garaýyşlary has-da baýlaşdyrylýar. Şonuň üçin hem ýaşlar welosiped sürmegi durmuş ýörelgelerine öwürýärler. Welosiped sportuny has-da ösdürmekde giň mümkinçilikleriň döredilýändigini hem aýratyn bellemegimiz gerek. Welosiped sürmek sportuň her bir adam üçin elýeterli we ekologik taýdan zyýansyz görnüşleriniň biridir. Welosiped sürlende bedeniň myşsalarynyň köp bölegi herekete girýär, ýürek-damar ulgamyna düşýän agramy welosipedi dürli tizlikde sürmek arkaly sazlamak mümkin. Welosiped sporty, esasan-da, ýürek-damar, dem alyş, daýanç-hereket ediş we nerw ulgamlary üçin örän peýdalydyr. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek barada kabul eden Kararnamasy ilatyň arasynda köpçülikleýin welosiped sportuny ýaýbaňlandyrmakda möhüm ädimleriň biri boldy. Her ýyl ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bu özboluşly sport baýramçylygy uly dabara bilen bellenip geçilýär. Ýakynda Bütindünýä saglyk güni ýokary derejede bellenilip, köpçülikleýin sport çäreleri, welosipedli ýöriş giňden dabaralandyryldy. Geçirilen bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän çäreler ildeşlerimiziň ruhuny belende göterdi. Şunda ýaşlaryň welosiped sportuna uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýratyn bellemegimiz gerek. Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk göreldesine eýerýän ýaşlar welosiped sportuna uly üns berýärler we sagdyn durmuş ýörelgelerini ýöredýärler Aslynda hem welosiped sporty we welosipedli gezelenç ynsanyň saglygyna oňat täsir edýär. Sport adamyň özüni oňat duýmagyna, beden sagdynlygynyň sazlaşygyna täsir edýär. Şonuň üçin hem welosiped sporty ýurdumyzda has-da giňden ýaýbaňlanýar. Munuň özi sagdyn durmuş ýörelgeleriniň has-da ösdürilýändigini aýdyň beýan edýär.

    Ýurt parahat, il agzybir, asman asuda bolup, mähriban toprakda beýik işler rowaç alanda ýaşaýyş has süýjeýär, köňlüňde-kalbyňda döretmek, gurmak höwesi möwç alýar.

    Goý, sagdyn durmuşda ýaşamak üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Muhammetmyrat BÄŞGULYÝEW,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň başlygynyň w.ý.ý.

Öňki makala

ZENAN MERTEBESI

Indiki makala

GUŞAKLY GÖREŞ

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY