Müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan baý medeni mirasymyza ser salanymyzda hem ene mukaddesligine, zenan mertebesine aýratyn sarpa goýulyp gelnendigini görmek bolýar. Geçmişde ata-babalarymyz ösen medeniýetiniň gadymy ojaklarynyň biri bolan türkmen topragynda zenanlaryň hormatyna taryhy ymaratlary gurdurypdyr. Olardan Daýahatyn kerwensaraýy, Gyzgala we zenanlaryň ady bilen baglanyşykly beýleki ýadygärlikleri agzamak bolar. Bular barada il içinde nesilden-nesle geçip gelýän birnäçe taryhy rowaýatlar saklanyp galypdyr. Söwdagärler, syýahatçylar, alymlar Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen dünýä syýahat edip, türkmen zenanlary, wepadarlyklary we zähmetsöýerlikleri hakynda hem gymmatly ýazgylary galdyrypdyrlar. Şol taryhy, edebi ýazgylary okap, eziz topragy gerçek ýigitler bilen deň hatarda goran gaýratly zenanlar Rodohuna, Zarina, Tumar şa, Mähri hatyn, Türkan hatyn we beýleki zenan şahsyýetlere bolan buýsanjyň artýar.
Dünýäde gözelligi, nepisligi bilen köpleri haýrana goýýan türkmen halylary gelin-gyzlarymyzyň umumyadamzat medeniýetine goşan uly goşandydyr. Gelin-gyzlarymyzyň döreden milli mirasymyzyň altyn hazynasyna giren hüwdüleridir monjugatdylary, läleleridir gazallary döwrümiziň belent mukamy bolup ýaňlanýar. Halkymyzyň medeni hem edebi mirasyny öwrenmekde, halka ýetirmekde, ýaşlarymyzy geçmişdäki ruhy baýlyklarymyzyň esasynda terbiýeläp, olary lebzi halal, ynsanperwer, zähmetsöýer, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde zenanlarymyzyň – mährem enelerimiziň mynasyp paýy bardyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda mährem enelerimize, zenanlarymyza goýulan hormat belent derejelere göterilýär. Maşgala ojagynyň sütüni bolan mähriban zenanlarymyzyň bagtyýar ýaşamagy, halal zähmet çekmegi, döretmegi we ýaş nesli watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekleri bolsa türkmen zenanlarynyň buýsanjyny artdyrýar. Zenanlarymyzy hormatlap, olara belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
Oguljahan TÖRÄÝEWA,
TMÝG-nyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag
etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.