Her ýylyň aprel aýynda eziz Diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çärelerini giňden ýaýbaňlandyrmak, indi asylly däbe öwrüldi. Ýurdumyzda bütindünýä saglyk güni mynasybetli sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän dürli çäreler, köp sanly sport, bedenterbiýe-sagaldyş sport ýaryşlary we ýörişler geçirilýär. Ine, şu günler hem Balkanabat şäherimizde welaýat derejesinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli däp bolan köpçülikleýin welosipedli ýörişler, medeni sport çäreleri we ýaryşlar geçirilýär. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatymyzyň sungat ussatlary köpöwüşginli aýdym-sazly, tans kompozisiýasy bilen çykyş edýärler. Diýarymyzda şular ýaly köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi raýatlarymyzda uly ruhubelentlik duýgusyny döredýär. Sebäbi sport sagdynlygyň girewi bolup durýar. Sagdyn adam hemişe şähdaçyk, maksada okgunly, ruhubelent bolýar. Sport bilen meşgullanýan mahalyň bütin bedeniň hereket edýär, pikirleriň durlanýar, sagdyn pikirlere ýol açylýar. Sport adama saglyk bilen birlikde ruhubelentligi, ýaşaýşa bolan söýgini, özüne ynamlylygy bagyş edýär. Ýaşlaryň berk bedenli we ruhy taýdan kämil, sagdyn nesiller bolup ýetişmeklerinde bedenterbiýäni we sporty hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek möhüm orun tutýar. Şonuň üçin hem Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda köpçülikleýin sporty we bedenterbiýäni has hem kämilleşdirmäge, raýatlary bu ugura höweslendirmäge çäksiz mümkinçilikleri döredip berýär.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleri sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde eziz Diýarymyzyň dünýädäki abraýyny has hem artdyrdy.
Halkymyzy ajaýyp, asuda, eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Orazgül AMANDURDYÝEWA,
TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet
konserniniň şahamçasynyň uly buhgalteri.