ÝAŞLAR — BEÝIK GELJEGI GURUJYLAR

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap özgertmeleriň we innowasion ösüşiň aýdyň ýoly bilen ynamly hem-de okgunly öňe barýan ýurdumyzda ýaşlar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan belent maksatly işlerini ýokary derejede dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn, maksada okgunly, giň gözýetimli, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmekleri baradaky edýän bimöçber tagallalary öz ajaýyp miwesini berýär. Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ony dünýä ülňüleriniň derejesine ýetirmek babatda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler hormatly Prezidentimiziň bagtyýar ýaşlarymyz üçin edýän aladalarynyň aýdyň subutnamasydyr. Eziz Diýarymyzyň geljekde hem gülläp ösmegini bilimli nesilde görýän hormatly Prezidentimiziň sanly ulgamy ösdürmeklige aýratyn uly ähmiýet bermegi netijesinde bu ugurda ýetilýän belent sepgitlerem buýsandyryjydyr. Bu özgertmeleriň ählisi ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynyň binýadyny pugtalandyrjak kämil hünärli ýaş nesilleri taýýarlamaga gönükdirilip, şol ýaşlaryň geljekde Watanymyzy ösüşiň has uly belentliklerine çykarjakdyklaryny buýsanç hem ynam bilen aýdyp bileris.

     Ýurdumyzda ýaşlaryň öz ukyp-başarnyklaryny açmaklary, jemgyýetde mynasyp orunlaryny tapyp, il-günümize gerekli, hormatly Prezidentimize, ata Watanymyza wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan bagtyýar ýaşlar diňe bir hünär bilimlerini ösen tehnologiýalaryň esasynda ele almak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ähmiýetli işlerini uly buýsanç, döredijilik ylhamy bilen wasp edýärler.

     Ýurduň geljeginiň ýaşlar bilen baglydygy olaryň ylymdan ýüküniň ýetik bolmagyna zerurlyk döredýär. Döwletiň dürli ulgamlarynda gazanylýan ösüşler ylma daýananda, olaryň köki has çuňluklara ornaýar. Şonuň üçin-de ýurdumyzda ylmy açyşlarda ýaşlaryň paýynyň bolmagy üçin oňyn mümkinçilikleri döredilýär. Bir söz bilen aýdanymyzda Watan ýaşlar bilen dowamdyr.

     Berkarar döwletde ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmakda bimöçber tagallary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

 

Näzik ATAÝEWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY