Maşgala türkmen jemgyýetiniň özeni bolup durýar. Çünki ýurdumyzyň mynasyp raýatlary ilkinji nobatda, maşgalada terbiýelenýär. Maşgalanyň terbiýeleýjilik mümkinçiliklerine barha oňat düşünilmegi, çagalaryň hem-de ata-eneleriň hukuklarynyň dolulygyna üpjün edilmegi türkmen maşgalasynyň sütüniniň berkdiginiň alamatydyr. Esasy Kanunymyzda we Türkmenistanyň Maşgala Kodeksinde göz öňüne tutulan ýagdaýlara laýyklykda, meýletin birleşmek hem-de deňhukuklylyk esasynda gurlan maşgala hakyndaky alada türkmen döwletiniň iň möhüm wezipeleriniň biridir.
Ussat şahyr Kerim aganyň
“... sen hakda ýüz gezek ýazypdym öňem,
ýüzbirinji gezek ýazaýyn ýene” –
diýen setirlerinden görnüşi ýaly, ene hakda näçe şygyr ýazsaňam, aýdym aýtsaňam, ýene şonça-da azdyr. Sebäbi dünýäniň ähli gözelligini, mähribanlygyny özünde jemleýän nurana ene ynsan balasy üçin iň eziz adamdyr, onuň ýaşaýşynyň gözbaşydyr. Çünki her bir ynsan enäniň mährinden dünýä inendir. Her bir ynsan üçin ejeli günler iň bir bagtly, manyly günler bolsa gerek. Munuň şeýledigine, häzirki döwrüň ýaş şahyrlarynyň goşgularynda “Ejem bolsa ömür şeýle bordumy?!” diýen sözlerine duş geleniňde, aňsatlyk bilen göz ýetirmek bolýar.
Eger çagalar ajaýyp gül nahaly bolsalar, onda ata-eneler şol gül nahalyny ösdürip ýetişdirýän, sylag-hormata mynasyp bagbanlardyr. Ýagny eneler edepli, ösen aň-düşünjeli, kämil şahsyýetleri kemala getirýän ynsanlardyr. Kämil çaga terbiýelemegiň ilkinji şerti bolsa, kämil ata-ene bolmakdyr. Onuň üçin durmuşyňyzdan öz çagalaryňyz üçin aýratyn wagt aýyrmak, olara duýgudaşlyk etmek, islendik aýdýan zatlaryny diňlemek we olaryň dogrularyny goldamak zerurdyr. Galyberse-de, maşgalada olaryň aýratyn ornunyň bardygyny öz çagalaryňyza aňdyrmak ýerliklidir. Suwsan adam üçin suw örän gymmatlydyr. Çagalar üçin bolsa, olaryň islän wagty berlen söýgi gymmatlydyr. Işiňiziň köpdügine, wagtyňyzyň azdygyna garamazdan, öz çagalaryňyz bilen ýygy-ýygydan gyzyklanyp durmalydyr.
Maşgalada çaganyň terbiýesi barada gürrüň edilende, Gurbannazar Ezizowyň “Söýüň çagaňyzy” diýen şygryny ýatlap geçmek ýerliklidir:
Söýüň çagaňyzy! Söýmekden armaň.
Säherler oýanyp öpüň birsalym.
Eline tutduryp ullakan alma,
Pata berip, uzak ýollara salyň!...
…Synlaň çagaňyzy: işe gümramy?
Ýa-da onuň edýän işi galatmy?
Her haýsy bolsa-da dymmaň adamlar,
Siz öz söýgüňizde boluň gazaply.
Çaganyň geljekde nähili adam bolup ýetişjekdigini onuň bilelikde wagt geçiren adamlary kesgitleýär. Şonuň üçin, ýaş şahyryň goşgusynda nygtaýşy ýaly, öz çagalaryňyzyň dostlaryny, gidýän ýerlerini, edýän hereketlerini birjikde gözden salmaly däldir. Galyberse-de, gadymyýetden bize miras galan atalar sözünde “Çaga öz ýaşyna görä zähmetde taplanmalydyr” diýip bellenişi ýaly, çagalara ýumuş tabşyrylanda, olaryň ýaş aýratynlyklaryny göz öňüne tutmalydyr. Çagalaryň ýaşlykdan öz ýaşlaryna laýyklykda zähmete girişmegi bolsa, olarda jogapkärçilik duýgularynyň ýüze çykmagy üçin möhüm şertdir.
Maşgala barada gürrüň edilende, ata-eneleriň we perzentleriň maşgaladaky orny, olaryň arasyndaky baglanyşyklar barada gürrüň etmeklik ýeterlik däldir. Elbet-de, maşgala gatnaşyklarynyň hukuk taýdan düzgünleşdirilişini hem belläp geçmek möhümdir.
Tyllagözel BABAÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.