Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň gurnamagynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan täze «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby mynasybetli «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.
Söhbetdeşligiň barşynda çykyş edenler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip at berlen 2024-nji ýylda ýurdumyzyň taryhynda ähmiýetli orun alan Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmeginiň, dünýäde meşhur şahsyýet, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ýokary derejede bellenilmeginiň türkmen halkynyň umumylyklaryny baglanyşdyrýandygy, Watan hakyndaky garaýyşlary baýlaşdyrýandygy barada şeýle hem, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýeti» atly kitabynda türkmen taryhyny, şöhratly ýolyny yzarlamakda diňe bir türkmen okyjylaryny däl eýsem, daşary ýurtly okyjylara hem maglumat çeşmesi bolup hyzmat edýändigini buýsançly bellediler. Şonuň bilen baglylykda täze kitaby ýaşlaryň arasynda wagyz etmekde, ähmiýetini düşündirmekde Ýaşlar guramasy tarapyndan hem yzygiderli işler alnyp barylýar.
Duşuşygyň ahyrynda şeýle ajaýyp eserleri bize peşgeş beren, Berkarar Watanymyzyň şan-şöhratyny arşa götermek, ýurdumyzy gülledip ösdürmek babatda taýsyz tagalla edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Gözel SAPARMÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.