Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy ähli türkmen halkynda uly ruhubelentlik döretdi. Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby Änew şäheriniň möhüm wakalaryny we taryhy döwürlerini beýan edýär. Kitap halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny has içgin öwrenmekde we ony bütin dünýäde wagyz etmekde gymmatly gollanma bolar.
Şunuň bilen baglylykda, golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň we TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň bilelikde gurnamagynda Balkan welaýat Kitaphanasynda hormatly Prezidentimiziň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny giňden wagyz etmek maksady bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşlige gatnaşyjylar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň birnäçe bapdan we bölümden ybarat bolan, türkmen, rus hem-de iňlis dillerindäki bu ajaýyp eseriniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mähriban halkymyz üçin ajaýyp sowgatdygy, kitabyň bölümleri, onuň halkymyzyň baý taryhyny öwrenmekde gymmatly gollanma boljakdygy, kitabyň çapdan çykmagynyň milli medeniýetimizi dünýä ýüzünde dabaralandyrýan şanly waka öwrülendigi hakynda buýsançly beýan etdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda şeýle ajaýyp eserleri bilen halkymyzy buýsandyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsunlar aýdyldy.
Baýramgül ESENOWA,
TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.