Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bereket etrap Geňeşi, Bereket etrabynyň bilim bölümi, Bereket etrabynyň Polisiýa bölümi, Bereket etrap Prokuraturasy bilen bilelikde etrabynyň 1-nji orta mekdebinde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky terbiýeçilik ähmiýetli öwüt-nesihatlaryny, millilik, däp-dessur we edep-terbiýe kadalaryny, sagdyn-durmuş ýörelgelerini, maşgala gymmatlygyny, gelin-gyzlarymyzda türkmen halkyna mahsus bolan asyllylygy, utanç- haýalylygy, päkizeligi, ula hormat, kiçä sarpa goýmagy terbiýelemek we ony ýaşlara düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.
Duşuşykda çykyş edenleriň belleýişi ýaly Berkarar döwletimizde halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan asylly ýörelgelerine eýerip mynasyp nesli kemala getirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Munuň özi her bir adamyň esasanam ýaş nesilleriň kalbynda buýsanç duýgusyny oýaryp, nesillerimize olaryň ýagty ertirine bolan beýik ynamyna ynam goşýar. Ata-babalarymyz çaga eziz, edebi ondanam eziz diýmek bilen watansöýüjilik, ynsanperwerlik, batyrlyk, halallyk ýaly terbiýeçilik ýörelgelerini çaganyň kalbyna ol heniz sallançakdaka goýup başlapdyrlar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hem milli terbiýäniň gözbaşydyr.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda watansöýüji, adamkärçilikli, ylymly-bilimli nesliň ösüp ýetişmegi babatynda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Gülälek ARAZMYRADOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Bereket etrapGeňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.