SAGDYN JEMGYÝET – BERKARAR DÖWLET

      Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Etrek etrap Geňeşiniň guramagynda, etrabyň Medeniýet öýüniň ýygnaklar jaýynda il sylagly ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň, etrabyň bilim edaralarynda zähmet çekýän mugallymlaryň, terbiýeçileriň we uly synpda okaýan okuwçylaryň, gatnaşmaklarynda «Sagdyn jemgyýet – berkarar döwlet» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

      Çärede çykyş edenler, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesine eýerip ýurdumyzy beýik sepgitler bilen öňe alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ösüp barýan ýaş nesillerimiziň sagdyn pikirli, sagdyn bedenli, arassa ahlakly, kämil ylymly-bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer, belent adamkärçilikli, edep-terbiýeli bolup ýetişmekleri ugrunda alnyp barylýan bimöçber işler dogrusynda hem-de ynsan saglygyna we durmuşuna örän ýaramaz täsirini ýetirip biljek, ýaramaz endiklerden daşda durmaklyk barada giňişleýin gürrüňler edildi.

      Çäräniň ahyrynda ynsan saglygyny we adam gymmatyny ilkinji nobatda iň ýokary derejede goýýan, gije-gündiz diňe halkym diýip ýadawsyz zähmet çekýän, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür hem-de halk bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan ähli tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Mukam ÇÜRIÝEW,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Etrek etrap Geneşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 26 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 35 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 39 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR