Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalaryň bilelikde gurnamagynda Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynyň mejlisler jaýynda ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak, ýaş maşgalalaryň arasynda nika bozulmalaryň öňüni almak maksady bilen ýaşlaryň arasynda «Maşgalam-baş galam» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň: «Halallyk we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ýaşlaryň baş ýörelgesine öwrülmelidir. Ýaş ynsanda şeýle häsiýetleri terbiýelemek Ýaşlar guramasynyň belent borjy we baş maksady bolmalydyr» diýip, öňde goýýan wezipelerinden ugur alyp, şeýle-de ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamak, maşgala mukaddesligine söýgi döretmek, maşgala hukugy we nika bozulmalary babatynda giňişleýin çykyşlar edildi. Çykyş edenler duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň aman bolmagyny, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan beýläk hem rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maýagül GARAJAÝEWA,
TMÝG-nyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.