Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bereket etrap Geňeşi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde meşhur türkmen danasy, akyldar, dünýä poeziýasyna gymmatly goşant goşan şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýuny halkara derejesinde toýlamak maksady bilen «Beýik Magtymguly Pyragynyň ussatlygynyň halkara ykrarnamasy» ady bilen Bereket çeper halyçylyk kärhanasynyň mejlisler zalynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.
Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň üstümizdäki şanly ýylynda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hormatyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagynyň ähmiýeti, onuň ýubileý toýunyň dünýä jemgyýetçiliginde hem uly gyzyklanmalara, goldawa eýe bolýandygy, şeýle hem beýik şahyryň her kimiň ýagşy gylyklary özüne hemra edinmekleri barada aýdan wesýetleri, öwütleri dogrusynda giňişleýin bellenilip geçildi.
Çykyşlaryň ahyrynda meşhur alymlarymyzy, beýik şahsyýetlerimizi öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Gülälek ARAZMYRADOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Bereket etrap
Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.